Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz ýurduň ykdysadyýetinde döwletiň tutýan paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda” Kararyna laýyklykda, ýurduň welaýatlarynda döredilen oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryndan hususy önüm öndürijilere bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölekleri bellenen tertipde uzak möhletleýin peýdalanylmaga berilýär.
Şunuň bilen birlikde, “Türkmenistanyň oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we bu ulgama hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işlerini dowam etdirmek maksady bilen, ýurduň welaýatlarynda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin jemi 326 müň 29 gektar meýdanda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy. Bu göz öňünde tutulýan ýer bölekleri azyndan 70 göterim şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär.
Akmyrat ANNADAÝANJOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler