Türkmen halkynda “öý gurmak” diýen düşünje

Türkmenler öý gumaga, öýe yhlas etmege ilgezik halk. Her bir maşgala ojagynyň düýbini tutmazdan öňürti öýüniň tutuljak ýerinde gadym döwürlerde , öýlenjek, täze gelin alyp maşgala boljak ýigit, atyny çapdyryp, ýaýyny tartyp, dostlary bilen ýaýlalara gidip, öý gurjak ýerini saýlar eken. Atan okunyň baryp çümen ýerine “gerdek” dikiler eken.

Gerdek, okuň baryp düşen ýeri bolup, ol täze tutuljak maşgalanyň öý tutjak ýeriniň çelgisi bolup many aňladar eken. Soňra türkmneler- ýigidiň dostlary baryp, okuň düşen ýerinde ak öý dikip, öýlänýän ýigidi ol ýerde öz ýaryna gowşurar eken.

Agzybirlikde öý tutulyp, toý tutulyp, türkmenler öý gurmaga aýratyn , möhüm, mukaddes iş hökmünde garar ekenler. Häzirki döwürde-de adamlar ýaşaýyş jaýlarynyň paýlanyp berilmegi bilen öz öýlerine mukaddes çöreklerinden we duzlaryndan ilki getirip, soňra bolsa, özleri göçüp gelýärler.

Munuň özi türkmeniň beýleki gündogar halklary bilen birlikde “öý” diýilýän düşünjä aýratyn hormat goýmasyndandyr.

Türkmeiň öý tutunmaga berýän ähmiýeti hiç wagt könelmejek mukaddeslikdir.

Tirkeş JUMADURDYÝEW,
TDBGI-niň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň dekany

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok