Feýhoýa – mydama gök öwüsýän tropiki agaçdyr. Bu agaç 1815-nji ýylda nemes botanigi Fridrih Selle tarapyndan Braziliýada ýüze çykaryldy. Soňra 75 ýyldan soň onuň miweleri Ýewropa ýurtlaryna getirildi. 1914-nji ýylda ilkinji feýhoýa baglarynyň uly meýdanlary Gruziýada we Azerbaýjanda peýda boldy. Onuň miwesi ýakymly ysly bolup, ananas tagamyny ýada salýar. Oňa bu ysy düzüminde saklanýan metil we etil benzoatynyň, etil butanatynyň efirleri berýär. Şeýle birleşmeleriň ýokary göterimdäki mukdarynyň saklanmagy miwäniň özboluşly aýratynlygydyr. Aslynda agajyň ýapraklaryny hem iýmeklik bolýar. Ol dürli tagamlara, içgilere ys beriji hökmünde goşulýar. Ýaşyl reňkli miweleriniň agramy 30-120 gram aralygyndadyr. Miwesiniň 100 gramynda: 0,6 gr belok, 0,4 gr ýag, 8 gr uglewod bar, kaloriýalylygy 183-e deň. Feýhoýa miwesi C, B, P, E witaminlerini köp saklaýanlygy üçin özboluşly antioksidantdyr, ol dürli çiş, kömelek kesellerine, mikroblara garşy göreşiji häsiýete eýedir. Alymlar miwäni howply çiş keselinde we süňkleri güýçlendirmekde ulanyp boljakdygyny öňe sürýärler. Ýöne allergiki täsiri bolanlara ony iýmeklik maslahat berilmeýär. Geçirilen käbir gözlegler, miwäniň gabygynyň hem tebigy antibiotikdigini görkezdi. Onda peýdaly flawinoidler, fermentleriň köp mukdary bar. Aýratyn hem, miwe C (askorbin) we pantoten kislotasynyň gymmatly çeşmesidir. Miwäniň düzümindäki ýokumly maddalaryň mukdary onuň ösýän ýerine we bişiş derejesine baglydyr. Käbir lukmanlar onuň mikroblara garşy häsiýetiniň tohumyndan gelýändigi hakyndaky netijä gelýärler. Geçirilen synaglaryň çäginde dünýädäki patogen kömelekleriň biri bolan Rhizoctonia solaniniň täsirine duýgur bolan flawinoidiň bu miwede saklanýandygy anyklanyldy. Ýapraklarynyň düzümindäki glikozid we kislotalar süňkleriň minerallaşmagyny ýokarlandyrýar. Bişen miweler ulanylmadyk ýagdaýynda 3-5 günüň içinde ýaramazlaşýar. Miwesinden taýýarlanan mürepbe datly tagamy we ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Şulardan hem görnüşi ýaly, feýhoýa miwesi we onuň beýleki agzalarynyň köptaraplaýyn peýdaly häsiýetleriniň bardygy onuň peýdalanyş derejesini has-da artdyrýar.
Mahym KÖSSEKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler