Germaniýada tehnologiýa ösüşi

Germaniýanyň gaýtadan işleýän senagatynda döreýän kärhanalaryň arasynda diňe 5 göterimi täze tehnologiýany döretmegi we peýdalanmagy wezipe edinýär. Bir kärhanalarda iş ýeriniň ortaşa ýyllyk ösüşi 0,8 – 1,7 adam bolup durýar. 50 adamdan köp işgäri bolan innowasion kärhanalar has azdyr. Tehnoparklardaky kärhanalarda 4 – 7 adam işleýär. Şeýlelikde, innowasion telekeçiligi sebitleýin guramagyň bu täze görnüşiniň sebitlerdäki iş bilen meşgullanmagynyň ýagdaýyna ymykly täsir etmekligine entek mümkinçilikler az bolýar. Başgaça aýdylanda, innowasion telekeçilik düzümleriniň iri senagat merkezlerinde döredilmegi maksadalaýyk hasaplanylýar.

Ilki bilen, tehnoparklaryň işçi güýjüni hakyna tutmaklyga aýratyn talaplary bildirýänlikligini agzap geçmeli. Soňky berilýän bahalara görä, tehnoparklarda ýokary hünärli içşi güýjçne ugur almak – Germaniýanyň ownuk we orta innowasion kärhanalarynyň çäklendirilmeginiň esasy şertidir. Munuň esasy netijesi hem işçi güýçlerini saýlamakda iri uniwersitet merkezlerine ymtylmakdyr. Bu diňe işe täze başlan telekeçileriň ozal uniwersitetleriň, institutlaryň işgärleri ýa-da uçurymlary bolandygy bilen düşündirilmän, eýsem professional gatnaşyklary üpjün etmek zerurlygy, hünärli, emma arzan işçi güýjüne ugur alynmagy bilen düşündirilýär. Esasy zat hem, innowasion kärhanalar zähmet bazarynda has iri kärhanalar tarapyndan gazaply bäsdeşlige sezewar bolýarlar. Şonuň üçinem, adatça, artykmaçlyk olaryň tarapynda bolmaýar. Sebäbi innowasion kärhanalaryň ýokary aýlyk hakyna we jemgyýet hyzmatlara, iş ýerleriniň durnuklylygyna guwä geçmäge ýagdaýy pesräk bolýar. Şondan ugur alyp, ýaňy başlan telekeçiler öz işlerine tejribe geçýän talyplary çekse amatly bolýar.

Tehnoparklaryň döredilmegi olaryň dolduryljakdygyny we üstünlikli işlejekdigini aňlatmaýar. Birnäçe merkezler olaryň ösüşi üçin şert bolmadyk ýerlerinde ýüze çykyp bilýär.

Germaniýada 1985-nji ýylda döredilen tehnoparklaryň dörtden bir bölegi dolman galypdyr. Muňa Germaniýanyň Dillingen şäherini mysal getirmek mümkin. Bu şäheriň ykdysadyýetiniň esasyny gara metallurgiýa tutýar. Ol iri ylmy we önümçilik merkezlerinden uzakda ýerleşýär. Şol sebäpli ýerli tehnoparkda bar bolan 10 ýeriň diňe 3 sanysy doldurylypdyr.

Bonn şäherindäki tehnoparkda uly üstünlik gazanylypdyr. Ol 1984-nji ýylda Keln adminstratiw etraplarynyň söwda-senagat palatasynyň, Bonnuň banklarynyň we süýşürintgiler pulhanalarynyň hem-de “Gustalwerk oberkassel” iri kärhananyň başlangyçlaryna we serişdelerine ýapylan senagat kärhanasynyň ýerinde döredilipdir. Tehnoparkyň esasy wezipesi öňdebaryjy tehnologiýalaryň üstünde işleýän uly bolmadyk kärhanalar üçin has amatly şertleri döretmekdir. Olara ylmy-barlaglar geçirmek we tejribe-synag önümçiligini guramak üçin ýeňillikler esasynda ýer berilýär. Şeýle hem bu tehnoparky 2000-e golaý daşary ýurt we ýerli maglumatlar bankyna çykyp bilýän maslahat beriji maglumat ulgamy hem-de kuwwatly hasaplaýyş merkezi bolan guramalar goldaýar.

Bu tehnoparka müşderileri çekmeklige bonnuň geografik ýerleşişi, ýerli iri uniwersitetleriniň bolmagy, Aahen şäheriniň iri uniwersitetine, Ýulih şäheriniň ýadro barlaglary Merkezine, Pors şäheriniň ýadro barlaglary Merkezine, Pors şäheriniň uly ylmy merkezi ýaly abraýly ylmy-barlag guramalaryna ýakynlygy oňaýly şert döredýär. Bu ýerde tehnopark, hususan-da, sebitde jemlenen uly ylmy potensialy täjirçilik taýdan özleşdirmek üçin döredilipdir.

Germaniýanyň tehnoparklary senagat bilen ýokary mekdebiň arasyndaky baglaşdyryjy ulgara bolup durýar. Ol diňe bu iki sany kontragentiň bar ýerinde netijeli işläp biler. Elbetde, hemme ýaňy başlan innowasion telekeçiler şereketlerini tehnoparklarda ýerleşdirmeýärler. Ylmy we önümçiligi birleşdirýän başga-da merkezler döredilýär. Muňa, ozaly bilen, bilelikde peýdalanylýan merkezleri mysal getirmek mümkin. Bu merkezde özbaşdak telekeçiler, ylmy-barlag merkezleri hem-de iri kompaniýalar tehnologiýa babatda barlaglary geçirmek üçin birleşýärler. Germaniýanyň azyndan 7 şäherinde mikroelektronika ýöriteleşdirilen şeýle merkezler işleýär. Birnäçe innowasion kärhanalar tehnoparklara goşuljak hem bolup duranoklar. Sebäbi olar tehnoparklarda bolman, hem dürli ýeňilliklerden we döwlet goldawyndan peýdalanýarlar.


Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok