Ýurdumyzda sowadyjy ammarlaryň ýenede 26-sy gurulýar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususyýetçileriniň sowadyjy ammarlarynyň 12-sinde gök-bakja, miwe önümleriniň gorlaryny döredilýär we ýurdumyzyň içerki bazarlaryny we dükanlaryny azyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Şeýle sowadyjy ammarlaryň ýurdumyzda häzirki wagtda 26-synyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Sowadyjy ammarlar – ýurdumyzyň içerki bazaryny azyk, gök we bakja ekin önümleri bilen bolelin üpjün etmek, azyk bolçulygyny gazanmak bilen bagly döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýygnalan hasyly zaýasyz, ýitgisiz saklamakda örän möhüm rol oýnaýar.

Gurulan we häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän sowadyjy ammarlar dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilip, olarda gözegçilik, sazlaýyş işleri doly kompýuterleşdirilip, sowadyjy kameralarda sowuklyk hem-de howanyň çyglylygy awtomatik usulda sazlanýar. Bu desgalar önümleriň dürli görnüşleriniň hilini we harytlyk keşbini uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik berýär. Bu desgalarda önümleri gözden geçirmek, arassalamak, gaplamak üçin awtomatlaşdyrylan enjamlaryň ornaşdyrylmagy, ýüklemek we ýükleri düşürmek üçin ýörite awtoulaglaryň bolmagy sowadyjy ammarlarda işleýänlere uly amatlyklary döredýär.  

Döwrebap sowadyjy ammarlar ýylyň ähli paslynda ýurdumyzyň içerki bazarlarynyň gök we bakja ekin önümlerinden, miwelerden, üzümdir ir-iýmişlerden doly bolmagyny gazanmakda aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

Kerim ORAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok