Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – baky parahatçylygyň milli binýady

Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz daşary syýasatda oňyn bitaraplyk diýip atlandyran ugrumyzy saýlap aldyk. Parahatçylyk söýüjiligi, beýleki döwletleriň işlerine gatyşmazlygy, olaryň özygtyýarly ösüş ýoluna we çäk bitewüligine hormat goýmagy, halkara harby guramalara we şertnamalara daşary syýasat ugrumyzyň esasy düzgünleri hökmünde kesgitledik.» – diýen dana paýhasy pähim-parasada ýugrulan milli döwlet ýörelgesiniň düýp-esas özenini düzýär. Milli Liderimiziň «Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly ajaýyp kitaplary eziz diýarymyzyň Birleşen milletler guramasy tarapyndan halkara derejesinde iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň baý many-mazmunyna, milli aýratynlyklaryna has giňişleýin düşünmeklige mümkinçilik berýän kämil eserlerdir. Bu kämil eserler türkmen Bitaraplygynyň tutuş ýüzüniň parahat durmuşyny, abadan ýaşaýşyny üpjün edýän özboluşly bir täsin gudratdygyny bütindünýä jemgyýetçiligine aýan edýär.   

Mukaddes ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara-hukuk derejesi bolan milli Bitaraplygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bütindünýä sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmeklik, durnukly ösüşiň netijeli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we durmuşa geçirmeklik babatdaky halkara tagallalaryny amala aşyrmaklykda aýgytlaýjy gurallaryň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýan türkmen diplomatiýasy daşary syýasatyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýermeklik bilen, häzirki zamanyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky täsirli we abraýly ornuny barha berkidýär. Türkmenistanyň ählumumy ykrar edilen halkara hukugynyň, deňhukuklylygyň we özara hormat goýmagyň kadalaryna ygrarly hemişelik Bitaraplygy biziň döwletimiziň sebit we dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan  giň gerimli gatnaşyklary günsaýyn giňeldýär.

Gurban BEGALYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok