Türkmen şekillendiriş sungatynda taryhy şahsyýetleriň keşplerini, sungat we medeniýet işgärleriniň portretlerini, halk durmuşyny we filosofik garaýyşlary şöhlelendirýän taslamalary döredýän ussatlaryň biri hem Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň doktory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Babasary Annamyradowdyr. 80 ýaşy arka atan halypa hemişe döredijilik gözlegde bolup, täze eserleri döredýär. Ussadyň döreden monumental we stanok heýkelleri Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň altyn hazynasyna girdi.
Babasary Annamyradow 1941-nji ýylyň noýabr aýynyň 15-ne Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Ýarygökje obasynda eneden bolýar. Heýkeltaraşyň 1941–1945-nji ýyllaryň urşuna gabat gelen çagalygynyň ýatlamalary «Oba owazlary» atly işinde ör-boýuna galýar. Heniz bir ýaşynda kakasynyň frontda aradan çykmagy bilen B.Annamyradow ejesiniň we enesiniň elinde terbiýelenipdir. Kakasy fronda gideninden soňra, ejesi ähli oba zenanlary ýaly uzakly gününi zähmet çekip geçirýär. Şonuň üçin ony esasan hem enesi terbiýeleýär.
B.Annamyradow başlangyç bilimini Tejen etrabynyň 28-nji orta mekdebinde alýar. Soňra ol 1958–1963-nji ýyllarda heýkeltaraşlyk hünäri boýunça Ş. Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde (häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde) ussat halypa Alekseý Şetininden sungatyň çeper aýratynlyklary bilen içgin tanyşýar. Hyjuwdan doly ýürek dört ýyllyk orta hünär bilimi bilen çäklenmeýär. Bilimini kämilleşdirmek üçin ol 1965-nji ýylda Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatral-çeperçilik institudyna okuwa girip, 1970-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar.
Babasary Annamyradow 1971-nji ýylda SSSR-iň Suratkeşler birleşiginiň agzasy bolýar. Ol 1971–1991-nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäheriniň Çeperçilik fondunyň heýkeltaraşy bolup zähmet çekýär. Soňra 1991–2012-nji ýyllar aralygynda bolsa Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy, Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary ýaly wezipelerde işläp, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň kämilleşmeginde uly goşant goşupdyr. 2013-nji ýyldan bäri bolsa halypa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynda zähmet çekip, ençeme şägirtlerini ýetişdirdi.
B.Annamyradow türkmen heýkeltaraşlygyna belent ruhubelentligi getiren suratkeşdir. Onuň eserlerinde ýüzleý alamatlara, dilewarlyga orun ýok. Ussat heýkeltaraş öz eserlerinde türkmen halkynyň aň-düşünjesini, häsiýetini, näzik çeper duýgularyny görkezmegi başarýar. Jana-jan halkynyň iň bir gowy taraplaryny özünde jemlän, milli medeniýetiniň geçmişini we geljegini baglanyşdyrmagy başaran, durmuş pelsepesiniň alamatlaryny öz sungatynyň şahyrana keşplerini geçiren suratkeş. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniji Ogulabat Muhatowa şeýle belleýär: “Heýkeltaraş birnäçe gezek suratkeşleriň döredijilik ussahanasy bolan Riga şäheriniň etegindäki Dzintari şäherçesine gidip geldi. Ol ýerde ol köýdürilen şamot bilen işlemegi, şol nepis materiala düşünmegi, onuň erkin häsiýetini duýmagy öwrendi”.
B.Annamyradowyň sungaty bizi şahyrana dünýäsine, ýagny päkizelik hem-de ruhubelentlik dünýäsine aralaşdyrýar. Hyýaly äheňi, şonuň bilen birlikde-de töweregimizi gurşap alan dünýäni ötgür ýitilik bilen şahyranalaşdyrmak täsirlere ýugrulandyr. Heýkeltaraş «Aýdym. Şahyr G. Ezizowa bagyşlanan» (1982), «Oba äheňleri» atly toplumyndan «Gazet okaýan» (1986), «Eşeklije oglanjyk» (1987) ýaly kompozisiýalarynda keşbiň çözgüdine folklor-bezeg nukdaý nazaryndan çemeleşipdir. Şonuň ýaly-da «Talyp gyzyň şekili» (1976), «Şahyr Gurbannazar Ezizow» (1980, 1981), «Zenan portreti (Abat)» (1983), «Toýmämmet» (1986), «Abadyň portreti» (1987 ), «Bagşy Orazgeldi Ylýasow» (1980, 2008) ýaly köp manyly portretleriň ruhy keşbiniň inçelik bilen açylşyny aýratyn bellemek gerek.
Heýkeltaraş daşarky zynatly sazlaşykdan ýuwaş-ýuwaşdan çetleşip, halk sungatynyň çeperçilik öwüşginleriniň kanunyny, gadymy heýkeltaraşlygyň saýhallylygyny, gotika sungatynyň güýjüni özi üçin çuňdan açýar. Döredijilik işeňňirliginiň köp dürli çylşyrymly gözlegleriň ösen şu döwri onuň üçin önjeýli boldy. Çünki bu döwür suratkeşiň özboluşlylygyny ýüze çykardy. Babasary Annamyradow her bir adamyň gaýtalanyp bolmajak hüý-häsiýetini bermäge ökde. Şonuň bilen birlikde ol heýkeltaraşlykda ruhubelent, manyly boşluklary jüpüne düşürmegi başarýar. Munuň özi, tomaşaça suratkeşiň gahrymanlarynyň duýgudyr pikir dünýäsine ulaşmaga itergi berýär. «Şahyr» (1987), «Weteran» (1987), «Ýaglykly zenan. Abat» (1987) ýaly agaçdan ýasalan işleri şolaryň hataryna goşmak bolar.
Ussat öz döredijilik ýolunda heýkeltaraş sungatyny ösdürip aýan etmek üçin ençeme gezek döwlet we halkara sergilere (Metal sungatynyň II Bütünsoýuz sergisi (1975-nji ýyl, Moskwa), «Heýkel we grafika» respublikan sergisi (1976-njy ýyl, Aşgabat), Birinji Bütünsoýuz heýkel sergisi (1983-nji ýyl, Moskwa) gatnaşýar. 1984-nji ýylda bolsa Latwiýanyň Riga şäherinde heýkel eserleriniň regional sergisinde «Ýer şarynda parahatçylyk we ýaşaýşyň hatyrasyna» diýen şygary bolan «Riga – 84» heýkel sergisine Pribaltika döwletleriniň üçüsiniň hem-de Moskwanyň, Türkmenistanyň heýkeltaraşlarynyň saýlama eserleri gatnaşypdyr.
Babasary Annamyradow döredijilik döwründe dürli ýyllarda geçirilen Orta Aziýa ýurtlarynyň we Gazagystanyň ikinji regional heýkel sergisi (1989-nji ýyl, Aşgabat), Millesiň muzeýinde heýkel sergisi (1990-njy ýyl, Stokgolm), Heýkel sergisi (1991-nji ýyl, Moskwa), Türkmenistan heýkeltaraşlarynyň toparlaýyn sergisi (1991-nji ýyl, Aşgabat) ýaly sergiler we başga-da birnäçesine gatnaşypdyr.
Sungaty öwreniji O.Muhatowanyň bellemegine görä, B.Annamyradow Burdel, Roden, Maýol, Lembruk, Pikasso, Mansu ýaly dünýä belli suratkeşleriň döredijiligine maýyl bolýar. Antik Gresiýanyň sungatynyň ynsanperwer garaýyşlary, medeni-mirasy «Fidiý temasyna wariasiýalar» (1984 ý.), «Bulut. (Säher)» (1987 ý.) ýaly işlerde antik keşpleriniň we göwrümleriniň äheňleri täzeçe şöhlelendirilýär. Heýkeltaraşyň durmuşunda jahankeşdelik özboluşly orun eýeleýär. Onuň üçin zeminiň täsinliklerinden lezzet almak, adam elleriniň gudratyndan dörän gözelligiň manysyny çözlemek iň ýakymly pursatdyr. Italiýa, Beýik Britaniýa, Polşa, Türkiýä, ABŞ-a, Argentina, Fransiýa we Russiýa Federasiýasyna, Orta Aziýa döwletleriniň şäherlerine bolan iş we döredijilik saparlary, syýahatlary onuň dünýäsini doldurýar, ylhamyny baýlaşdyrýar. Parižde bolan wagty heýkeltaraş hytaýly, afrikaly, fransuz suratkeşleri bilen toparlaýyn sergi gurnapdyr. Heýkeltaraş ol ýerde bolan wagty alty-ýedi sany iş edipdir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda heýkeltaraş Babasary Annamyradow türkmeniň bäş müňýyllyk taryhy bolan şahsyýetleriň keşbine şeýle-de nusgawy şahyrlarymyzyň keşbine ýüzlendi. Onuň Garaşsyzlyk ýyllary içinde bitiren işleri diýseň köp bolup, eserlerinde monumental häsiýetlilik has-da ýaýbaňlanýar. 2000-nji ýylyň oktýabr aýynyň 26-syna Aşgabat şäherinde Garaşsyzlygyň 9 ýyllygy mynasybetli açylan Garaşsyzlyk binasynyň daş-töweregindäki seýilgähinde monumental heýkel eserlerini döreden türkmen heýkeltaraşlarynyň işine çeper ýolbaşçylyk edýär.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özüniň gaýtalanmajak sungat eserlerini döredýär. Bu eşretli zamana ussadyň ylhamyna ylham, irginsiz gözleglerine tapylgysyz netijeleri berdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabat şäherimiziň merkezinde «Ylham» seýilgähinde oturdylan 47 sany türkmen halkynyň beýik taryhy şahsyýetleriniň heýkelleriniň işlerine hem gönüden-göni ussat heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň hut özi işjeň gatnaşdy. Seýilgähde duran heýkellerinden Babasary Annamyradow tarapyndan döredilen Döwletmämmet Azadynyň (2010 ý.), Gurbannazar Ezizowyň (2010 ý.) heýkellerini agzamak bolar.
Ussat heýkeltaraş ýadamany-ýaltanmany bilmeýän inçe sungatyň wekilidir. Onuň dürli ýyllarda çeken zähmetiniň netijesini sungat eserleriniň mysalynda görýäris. Çünki ol türkmeniň heýkeltaraşlyk sungatynda öz ýoluny tapan hem-de ony ýokary ussatlyk derejesine ýetiren halypalaryň biridir. 2008-nji ýylda halypa suratkeşe Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Hormatly doktory diýen alymlyk ady dakyldy. Ussat heýkeltaraş 2013-nji ýyldan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy bolup zähmet çekip, ençeme şägirtlerini ýetişdirýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda 2015-nji ýylyň 9-njy fewralynda ussat halypa heýkeltaraş Babasary Annamyradow hem-de suratkeşler Annaguly we Sülgün Hojagulyýewler bilen bilelikde «Türkmeniň alma-nary» atly sergisini açdy. Halypalaryň bu sergisinde ýaşaýşyň dowamlylygy, nyşanalygy görkezýän ençeme haşam çözgütli eserleri görkezildi. 2018-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda halypa suratkeş Babasary Annamyradowyň we Ogulabat Muhatowanyň şahsy ýygyndysynda saklanylýan XX–XXI asyrlara degişli bolan Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatyna degişli eserlerinden ybarat sergi açyldy. Sergide B.Annamyradowyň döreden heýkel portretleri we taslamalary görkezilip, bu işleriň döredilişi barada suratkeş çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary bilen gyzykly söhbetdeşlik geçirdi.
Bu ajaýyp ussadyň heýkeltaraşlyk we grafika işleri aýdyň özboluşlylygy we şol bir wagtyň özünde hem dünýä döredijilik ösüşiň gidişiniň aýratynlyklaryna çuňňur düşünýändigi bilen tapawutlanýar. Halkyň durmuşynyň jümmüşinden çykan Babasary Annamyradow milli medeniýeti tutuş kalbyna siňdirip ony kabul edipdir, ol onuň döredijiliginiň binýadyna öwrüldi. Heýkeltaraşyň uçursyz zehini netijesinde ençeme dürli temaly kiçi we uly göwrümli eserleri döredip, mynasyp baýraklaryň ençemesine eýe boldy.
Ussat heýkeltaraş döreden «Işçi», «Çagyryş», «Döwürdeşimiziň portreti», «Ylgaýanlar», “Talyp gyzyň portreti” diýen heýkel eserleri üçin 1977-nji ýylda Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragynyň eýesi bolýar. 1980-nji ýylda türkmen edebiýatynyň XIX asyrynyň nusgawy şahyry Zeliliniň kanonik keşbini döretmek boýunça bäsleşigiň ýeňijisi bolýar. Beýik Watançylyk urşunyň 40 ýyllygyna bagyşlanan ýadygärliginde goýlan Enäniň we gapdallarynda dyza çöküp duran iki sany esgerleriň keşpleri ebedileşdirilip, bütewi çeper kompozisiýasyny döredýär we bu eseri üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolupdyr. 1991-nji ýylda “Türkmenistan SSR-niň sungatda at gazanan işgäri”, 1993-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk hudožnigi» diýen hormatly at dakyldy. 1999-njy ýylda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň hatyrasyna bagyşlanan heýkel ýadygärlik toplumyny we Bitaraplyk binasyny bina etmäge goşan uly goşandy üçin oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragy berildi. «Watana bolan söýgüsi üçin» (1996 ý.), «Galkynyş» ordeni (1997 ý.), «Gaýrat» medaly (1999 ý.), Russiýanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan A.S.Puşkiniň 200 ýyllygyna bagyşlanan Altyn medaly (2000 ý.), «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni (2001 ý.), 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanýar.
2017-nji ýylyň oktýabrynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli halypa heýkeltaraş Babasary Annamyradowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändigi hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändigini naazara alnyp, oňa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda bolsa halypa Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň “Ruhubelent” ordeni we “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Türkmenistanyň görnükli ussady Babasary Annamyradow döredijilik ýolunyň ähli döwürlerinde türkmen halkynyň taryhy sahypalaryndan, oba durmuşyndan, milli gymmatlyklaryndan ylham alyp, türkmen sungatyny dünýä ýaýmakda mynasyp goşandyny goşýar.
.
Jeren BALTAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy,
Ogulnur Pirliýewa,
sungaty öwreniji.
Teswirler