ÝUNESKO indi 75 ýyl bäri adamzadyň medeni mirasyny gorag astynda saklaýar we köpeldýär, tebigy baýlyklary goraýar we bilimdir ylymyň ösüşine ýardam edýär. Guramanyň Pariždäki edarasynda geçirilen çärä döwletleriň we hökümetleriň 20-sinden gowragynyň baştutanlary, alymlar, sungat işgärleri gatnaşdylar.
Guramanyň medeni gymmatlyklary saklap galmaga we köpeltmäge, şeýle hem daş-töweregimizdäki dünýäni goramaga we ol hakda ylmy ilerletmäge gönükdirýän ajaýyp taslamalary bar.
ÝUNESKO-nyň goldamagy bilen dünýäde çagalaryň millionlarçasy gowy hilli döwrebap bilim alýarlar, alymlarda tutuş dünýädäki kärdeşleri bilen hyzmatdaşlykda ylmy barlaglar geçirmäge mümkinçilikler döreýär.
Ýurdumyz 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany tassyklap, ÝUNESKO deň derejeli agza boldy. Mundan başga-da Türkmenistan 1994-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä we tebigy mirasy goramak boýunça» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagta çenli Türkmenistanda taryhy we medeni ýadygärlikleriň 1000-den gowragy ýüze çykaryldy hem-de hasaba alyndy.
Serdar DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler