Türkmenistanly talyp, Mariý döwlet uniwersitetiniň (MarDU) «Bejeriş işi» hünäri boýunça 4-nji ýyl talyby Regina Ergaşewa «Ýylyň talyby. Lukmanlar» birinji Bütinrussiýa bäsleşiginiň finalyna çykanlaryň sanawyna girdi.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyra Russiýanyň sebitleriniň 37-sinden 100 talybyň çykandygyny bellemek gerek. Bäsleşik Russiýanyň Ýaşlar Birleşiginiň we «Russiýa – mümkinçilikler ýurdy» prezident platformasynyň bilelikdäki taslamasy bolan «Ýylyň talyby. Lukmanlar» Russiýa milli baýragynyň çäklerinde guraldy. Oňa Russiýanyň sebitleriniň 40-dan lukmançylyk ulgamynda aýratyn üstünlik gazanan talyplar gatnaşýarlar.
Bäsleşigiň finaly 2021-nji ýylyň 26-njy noýabryndan 30-njy noýabry aralygynda Hanty-Mansiý awtonom okrugynda geçirler.
Şeýle hem türkmen talyplaryndan «Ynanyşmak» futbol topary döredilip, toparyň oýunçylaryna futbol eşikleri we esbaplary gowşuryldy.
Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.
Teswirler