Meýletinçiler üçin okuw seminarlary geçirilýär

Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň tarapyndan guralan meýletinçi talyplar üçin okuw seminarlary geçirilýär.

Bu okuw sapaklar sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilýär. Oňa talyplar, mugallymlar gatnaşýarlar. Meýletinçilere berilýän okuw sapaklary dürli temalary öz içine alýar. Olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesi, dürli keselleriň öňüni almak, mahabat we sport bilen meşgullanma, tebigaty we ekologiýany gorap saklamak, maýyplara, garrylara kömek we goldaw bermek, şeýle hem başga-da birnäçe möhüm durmuşy meseleleri öz içine alýar.

Häzirki wagtda jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda meýletinçileriň işjeň alyp barýan işi giňden ýaýbaňlandy. Jemgyýete bahasyna ýetip bolmajak peýda getirýän bu zähmet ýaşlarda iň gowy ynsan häsiýetlerini: asyllylygy, watançylygy, hoşniýetliligi, geçirimliligi, rehimliligi, ýaşy ululara hormat goýmagy terbiýeleýär.

Talyp ýaşlar, ýurdumyzyň meýletin hereketiniň wekilleri bilen alnyp barylýan giň gerimli iş 2021 – 2025-nji ýyllar üçin ýaşlar syýasaty boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir.

Leýli JUMANIÝAZOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok