Lukmanlar saglygymyz üçin miweleriň peýdasynyň örän uludygyny nygtaýarlar.
Ýakymly ysy we tagamy bilen tapawutlanýan alma witaminlere we minerallara baý, iň ýokumly miweleriň biri hasaplanýar. Almanyň düzüminde organiki turşulyklar, şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary, A, K, C, E, B6 ýaly witaminler, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar (demir, marganes, kaliý, natriý, kalsiý), fitonsidler we beýleki maddalar saklanýar.
— Almanyň saglygymyza peýdasy bilermenler tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde, onuň ýürek-damar kesellerine we bedenimiziň goranmak ukybynyň güýçlenmegine täsiriniň uludygy anyklanylypdyr.
— Beýni we nerw ulgamynyň näsazlygy bilen ýüze çykýan huşsuzlyk, gürlemek kynçylygy, hereketiň agyrlaşmagy ýaly ýagdaýlaryň hem öňüni almakda alma iýmek peýdalydyr.
— Alma iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar. Şol sanda gandaky şekeriň mukdarynyň deňagramly bolmagyny hem-de süňklerimiziň berkemegi üçin günde bir alma iýmek maslahat berilýär.
— Ukudan öň iýilen alma rahat uky almak üçin örän ähmiýetlidir.
— Hytaý lukmançylygynyň taryhynda alma beden gyzgynlygyny düşüriji hökmünde-de giňden ulanylypdyr.
— Bu miwäniň düzümindäki käbir himiki birleşmeleriň ynsan bedenindäki içegeleriň işjeňligini artdyrýandygy we onuň düzümindäki zyýanly bakteriýalary ýok edýändigi hem mälim edildi.
.
Enejan SEÝIDOWA,
S. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Maglumat ulgamlary hünäriniň 108-nji toparynyň talyby.
Teswirler