Şu ýylyň 10-11-nji noýabrynda Aşgabatda telekommunikasiýalar, telemetriýa we informasiýa tehnologiýalary boýunça «Türkmentel-2021» Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Geçen ýylky ýaly bu ýyl hem halkara sergi onlaýn ýagdaýda geçirildi.
Telekommunikasiýalar, telemetriýa we informasiýa tehnologiýalary boýunça geçirilýän bu Halkara sergi we ylmy maslahat 12 ýyldan bäri yzygiderli geçirilýär. Bu çäre ýurdumyzyň telekommunikasiýa bileleşiginiň esasy gözden geçirilişi boldy. Şeýle hem aragatnaşyk, teleradiogepleşikler we IT-hyzmatlary ulgamlarynda gazanylanlar barada habardar edýän, şeýle hem dünýä telekommunikasiýalar senagatynyň täzelikleri, kommunikasiýa hyzmatlary bazarlarynyň we IT pudagynyň ugurlary hem-de geljegi barada sebit we halkara ähmiýetli wakadyr.
Halkara serginiň çäginde geçirilen ylmy maslahatda bu ulgamdaky täze barlaglar we innowasiýalar bilen tanyşdyrarlar, kiberhowpsuzlyk, ykdysadyýetiň we telekeçiligiň dürli pudaklary üçin sanly çözgütler meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Türkmentel-2021» Halkara sergisiniň çäklerinde «Sanly çözgüt-2021» bäsleşiginiň hem jemi jemlendi. Bu bäsleşik robottehnika, saglygy goraýyş, senagat, ulag we logistika, ylym we bilim, hyzmatlar ulgamy, oba hojalygy ugurlary boýunça geçirilýär.
Arzygül GYLYJOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler