Şu ýyl ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileri “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyrdylar. Bu görkezijiniň 280 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 10 müň tonnasy Balkan welaýatynda, 275 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda, 320 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 365 müň tonnasy bolsa Mary welaýatynda ýygnaldy.
Şu ýylyň ýaz paslynda 620 müň gektara gowaçanyň orta süýümli “Ýolöten-7”, “Ýolöten-39”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Jeýhun”, “149 F”, “Gubadag-3”, “C-2606” hem-de inçe süýümli “Ýolöten-14” görnüşleri ekildi.
Ýygym möwsüminde traktorlaryň 7 müň 600-den, ekiş gurallarynyň 1 müň 700-den we pagta ýygýan kombaýnlaryň 5 müň 500-den gowragy ulanyldy.
Bu şanly waka mynasybetli Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça “Mekan” köşgünde baýrak gowşurylyş dabarasy geçiriler.
Ogulsuraý BERDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler