Şu ýylyň güýzünde Türkmenistanda ilkinji milli operanyň döredilenine we paýtagtyň merkezinde täze açylan teatryň sahnasynda tomaşaçylara görkezilenine 80 ýyl dolýar. Ol 1941-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Moskwanyň eteginde Beýik Watançylyk urşunyň gazaply söweşleriniň gidýän günlerinde Adrian Şapoşnikowyň we Daňatar Öwezowyň „Zöhre-Tahyr“ dessanynyň esasynda döredilen adybir operasydy.
Şonda bu operanyň baş gahrymanlarynyň biri ─ Mahymyň aýdymlaryny Moskwanyň döwlet konserwatoriýasynyň türkmen bölümini täzelikde tamamlan Maýa Kulyýewa ýerine ýetiripdi. „Zöhre-Tahyr“ halkyň içinde uly üstünlige eýe bolupdy. Asyrlarboýy halkyň içinde bagşylaryň dilinden düşürmän aýdyp gelen aýdymlarynyň täzeçe, operanyň we simfoniki orkestriň dilinde ýaňlanmagy urşuň agyr ýitgilerine, kynçylyklaryna döz gelýän, Beýik Ýeňşe uly umyt baglaýan adamlaryň ýaraly göwünlerine teselli beripdi.
Şol döwrüň metbugatynda Maýa Kulyýewanyň uly sahnadaky ilkinji ädimi hakda şeýle jümleler ýazylypdy: „Ol ─ Mahymyň ariýalaryny sahna gahrymanynyň keşbine mahsus şirin labyzly sesi we wakalaryň ýordamyna kybapdaş hereketleri bilen ýatda galyjy ýerine ýetirdi“.
…Aýdym muşdaklary Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa hakda hernäçe köp bilýändiris öýtseler-de, onyň hakyky adynyň Mamajandygyndan bihabar bolsalar gerek. Hat-da, opera sungatynyň bilermenleri, teatryň taryhyny öwrenijiler, jurnalistlerem belkem muny bilýän däldirler.
Aşgabadyň etegindäki Büzmeýin obasynda doglan Mamajan ýaňy sekiz ýaşyndaka ilki ejesi, soňra-da uly agasy aradan çykýar. Bu gynançly ahwalat jigisi Çeper bilen Mamajanyň çagalar öýüne düşmegine we adynyň täzelenmegine sebäp bolýar. Ol soň-soňlar, eýýäm tanymal, SSSR-iň halk artisti diýen ada mynasyp bolanda-da metbugatdaky çykyşlarynda ýa-da söhbetdeşliklerinde onu gäjagyna alan çagalar öýi barada diňe minnetdarlyk we mähirli sözleri aýdardy. Maýa Kulyýewa çagalar öýünde ilkinji gezek özüne täze egin-eşik, ýalaňaç gezmekden ýaňa ökjelerine çenli jaýryk atan aýaklaryna birinji gezek gyrmyzy reňkli köwüş sowgat berendiklerini, rus sözlerini ilkinji gezek eşidendigini ýatlardy. Deň-duşlarynyň we terbiýeçileriň mydama özüne Maýa diýip ýüzlenendiklerini, şeýlelikde hem bu täze adynyň hemişelik, Mamajanyň bolsa hemişelik ýatdan çykyp gidendigini adaty bir waka ýaly gürrüň bererdi.
Tebigatyň bir asyra golaý ömür peşgeş beren meşhur aýdymçysy çagalyk döwri barada gaty köp zatlary aýtsa-da, sekiz ýyllap ýaşan sagalar öýünde käte-käteler ýekesirände, Büzmeýindäki yssy mähirden doly öýleri ýadyna düşende ejesiniň keşte çekip otyrka hiňlenişine öýkünip aýdym aýdandygyny kän bir köpçülik bilen paýlaşmakdan saklanýardy. Elbetde näzik çaga kalplarynda hiç mahal ýatdan çykmajak yz goýan ýatlamalaryň her biri Mamajanyň hem-de Çeperiň iň gymmatly baýlykdy, olaryň hazynalarydy. Şol pursatlarda jigisini gujaklap-apalaýan Mamajanyň heserden doly owazyny diňleýän terbiýeçiler gözlerine ýaş aýlap: „ Hiý, beýle-de bir şirin, beýle-de bir zaryn ses bolar oguşýa?“ diýerdiler. Bu soraglaryň özünde kalbynda harasat gopýan gyzjagazyň gelejekde ilhalar aýdymçy boljakdygyna ygtybarly jogap bardy.
1936-njy ýylda mekdebi tamamlan, on alty ýaşyny dolduran Mamajany Aşgabadyň mugallymçylyk gyzlar mekdebine ugradýarlar. Bu pedagogiki mekdebi tamamlanlaryň arasynda soňra Türkmenistanda belli döwlet işgärleri we sungat wekilleri bolup ýetişen: Annagül Annagulyýewa, Jeren Mämmedowa, Olýa Gurbanowa, Mama Babaýewa, Mamur Mämmedowa, Mergub Talaşowa dagylar hem bardy. Maýa Kulyýewanyň aýdymçylyga höwesi we tebigy ukyby hut şol ýyllarda başlanýar. Mekdepde çykyş edende onuň labyzly sesi gyzlaryň hor toparynyň ýolbaşçysy köne medeniýet işgäri Allanazar Rejebowyň ünsüni çekýär.
1937-nji ýylda onuň tomaşaçylar köpçüligi bilen ilkinji tanyşlygy başlanýar. Maýa Kulyýewa şol ýylyň tomsunda Aşgabatda geçirilen çeper höwesjeňleriň respublikan festiwalyna gatnaşýar. 1938-nji ýylyň güýzünde Maýa Kulyýewany we Adygül Orazowany Moskwanyň konserwatoriýasynda açylyn türkmen bölümine okuwa ugradýarlar. 1941-nji ýylda olary Aşgabada çagyrýarlar. Şonda oňa gowşurylan diplomda: „Giň diapozanly, ýakymly tembrli, soprano sesi ähli registrlerde birmeňzeş ýaňlanýar“ diýlip ýazylypdy.
Onuň aýdan „Aşgabat“, „Moskwa“, Mahymyň, Şasenemiň, Leýliniň ariýalary häli-şindi radioda ýaňlanýardy.
Ýöne, meşhur aýdymçynyň özüni ilkinji gezek 60-njy ýyllaryň başlarynda, öz obamyzda görmek maňa miýesser etdi. Biziň Purnuwap obamyza: „─ Ertir Aşgabatdan artistler gelip „Zöhre-Tahyry“ görkezjekler!“ diýen habar iki gün öňünden ýaýrady. Çolaja obamyzyň durmuşynda bu barypýatan täzelikdi. Artistleriň gelerine edil baýramçylyga garaşan dek howlugýanymyz ýadymda. Bir gün öňünden köne mekdebiň (şol ýyl obamyzda täze on bir ýyllyk mekdep açylypdy) ýanynda öňi beýik sekili sahna gurdular, atgaýtarym meýdançada tomaşaçylar üçin oturgyçlary ýasadylar. Oýun görkeziljek güni şähere ýörite ýük maşynyny ugradyp pianino getirdiler.
Aýdym-sazyň janköýerleri öz meýillerine uly höwes bilen teatryň sahna işçileriniň wezipesini ýerine ýetirdiler. Ýene-de bir zat ýadymda berk galypdyr, Tahyryň derýa taşlanýan parçasynda oba geňeşliginiň resminamalary saklanýan daşy nagyşly sandygy ulanypdylar. Oňa bir däl, Türkmenistanyň halk artisti Hoja Annaýew ýaly müçesi kiçiräk Tahyryň ikisiniň, belkem üçüsiniň dagam sygmagy mümkindi, açylanda-da „zarňyldap“ ses edýärdi. Ýöne, derýanyň kenaryndan sandygy suwa taşlanlarynda ony aşakda tutup ýetişmeli obadaşlarymyzyň güýji ýetmedimi ýa başga bahana tapyldymy nätdimi, garaz, sandyk takyrdap ýere gaçdy. Kimler suwda akyp giden Tahyra gynansa, kimler: „ Wah, Kemal agaň sandygyny döwdüler-dä“ diýip, obamyzyň daşy bezegli zarňyldaýan ýeke-täk sandygyna gynandylar.
Şonda Mahymyň: „Tahyrjan, senden galmanam“ diýip, zar-zar aglaýşy şu günem gulagymdan gidenok.
Ý. Meýtus bilen A. Kulyýewiň „Abadan“ operasynda Abadan, Ý. Meýtus bilen D. Öwezowyň „Leýli-Mežnun“ operasynda Leýli, A.Şapoşnikow bilen D. Öwezowyň „Şasenem-Garyp“ operasynda Şasenem, şol iki kompozitoryň bilelikde döreden „Kemine we Kazy“ operasynda Nabat we Ogulbeg, N.A. Rimskiý-Korsakowyň «Ýewgeniý Onegin» operasynda Tatýana, «Şazadanyň gelinliginde» Marfa, J. Puççininiň adybir operasynda Çio-Çio-San, Ş. Gunonyň «Faustynda» Margarita, J. Bizeniň «Каrmeninde» Mikaela, Leonkawallonyň «Masgarabazynda» Neddi ─ ine, Maýa Kulyýewanyň türkmen sahnasynda döreden gahrymanlaryň doly bolmadyk sanawy.
Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa Türkmenistanyň opera we balet teatryny açanlaryň biri. Ol öz egindeşleri: kompozitorlar Daňatar Öwezow, Weli Muhadow, Ýuliý Meýtus, Adrian Şapoşnikow, Aşyp Kulyýew, ilkinji milli opera režissýory Alty Garlyýew, aýdymçylar Annagül Annagulyýewa, Hojaw Annadurdyýew, Ýolaman Hummaýew we teatryň beýleki döredijilik işgärleri bilen bilelikde täze sungatyň düýbüni tutdy we milli operamyzyň halkara derejesinde kämillege ýetmegine ýadawsyz goşant goşdy. Türkmenistanyň halk artisti Hoja Annaýew bolsa onuň döredijilik we maşgala durmuşynyň ýüküni deň paýlaşan ýan ýoldaşy, maslahatçysy we pikirdeşidi.
Uzak-uzak ýyllaryň dowamynda ýaşan ömürlerinde birek-birege hormat goýmagyň, birek-biregiň gadryny bilmegiň, ýan ýoldaşyň mertebesini belent tutmagyň, agzybirligiň göreldesini görkezen bu iki ussadyň aýdan onlarça aýdymlary şu günlerem türkmen radiosynyň we telewideniýesiniň sesler gaznasynda saklanýar we halka eşitdirilýär. Şol ruhy lezzet berýän ganatly aýdymlary gelejekki nesiller hem diňlärler.
P.S. Radioda işleýärkäm men günde-günaşa Maýa Kulyýewa bilen Hoja Annaýew ikisi tirkeşip işe geçip barýarkalar ýa-da arakesmä gaýdyp gelýärkäler olara kän gabat gelärdim. Olar Ors bazarynyň içinden kese geçýän bulwaryň gaýra çetinde, „Türkmenhaly“ birleşiginiň töwereginde ýaşaýardylar. Radio bolsa şol wagtky Azatlyk köçesiniň 89-njy jaýynda ýerleşýärdi. Adam ýaşka onuň gözüne m emme zat üýtgemejek, mydama şeýdip durjak ýaly görünýän ekeni. Menem bu iki sany meşhur aýdymçylar mydama tirkeşer ýörer öýdüp pikir edipdirin. „Ynha gepleşik ýazaryn, şindi, çykyş etmäge çagyraryn“ diýip arkaýyn gezipdirin. Ynha, indem giç. Ýogsa, Biribar, Tebigat olary baý, sylap bildi, olara ýaş, ömür, at-abraý, hormat-sylag berekedini gysganman eçildi. Ýöne şonda-da meni bir zat gynandyrýar, häli-häzirem ökündirýär. Näme üçin şol mahallar, Maýa Kulyýewadan:
─ Çagakaňyz, çagalar öýünde heniz adyňyzy Mamajan diýip tutulýarka nähili aýdymlary aýdardyňyz? –diýip, soramanyma erbet puşman edýärin.
Aman GOŞA
Teswirler