Müsürde 2400 ýyllyk faraona degişli ybadathana tapyldy

Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet baradaky ministrligi arheologlaryň Kairiň demirgazygyndaky Al Matareýa etrabynda faraon “Nektanebo I”-e bagyşlanan ybadathanany tapandygyny habar berdi. Bu açyş, gadymy Müsüriň soňky neberesiniň jemgyýetçilik durmuşyna degişli bazaltdan we dürli zatlardan ýasalan ullakan daşlaryň tapylandygyny ýüze çykardy. Mundan başgada bu gazuw-agtaryş işleri ​​miladydan öňki 1500-nji ýyllarda faraonlar tarapyndan ulanylan oturgyç hem tapyldy.

“Nektanebo I” miladydan öňki 4-nji asyrda gadymy Müsürde ýaşap geçen faraon bolup durýar. Tapylan ybadathana hem şol döwürdäki ýerli dinastiýa we şol  dinastiýany esaslandyran “Nektanebo I”-e degişlidigi aýdylýar. Ybadathana degişli bazalt bloklary Nil derýasynyň gündogaryndaky El Mataraýadan we Kairiň demirgazygyndan tapyldy.

Gadymy döwürde Mataraýa aşaky Müsüriň paýtagty we möhüm dini merkez bolan gadymy Heliopolisiň bir bölegi bolupdyr. Şeýle-de, gözlegçiler daşlaryň käbirinde üýtgeşik ýazgylaryň bardygyny aýdýarlar.

Gülşat ORAZOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok