Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözleri ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler

2020-nji ýylda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan ýaly döwletler bilelikde tagallalar edip, birnäçe resminamalary ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras boýunça toparyna tabşyrdylar.

Geljek 2022-nji ýylda, Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine garaşylýar. Ependiniň şorta sözleriniň Adamzadyň maddy däl medeni miras sanawyna goşulmagynyň Gündogar edebiýatyndaky hyzmatdaşlyk däpleriniň has hem berkemegine giň ýol açar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok