Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynda alnyp barylýan işler dowamly häsiýete eýe bolup, bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, ulgamda zähmet çekjek kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda gysga döwrüň içinde dürli kuwwatlykly gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň ençemesiniň gurlup, ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
«Elektrik energiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi energetika pudagynyň durmuşynda uly waka boldy. Pudagyň ýurdumyzyň ykdysady ulgamyndaky orny, onda işleriň guralyşynyň aýratynlyklary, energoüpjünçilik kärhanalarynyň we sarp edijileriň hukuklary, borçlary, elektrik energiýasynyň sarp edilişine gözegçilik we beýleki möhüm ugurlar bu kanunda öz beýanyny tapýar.
Häzirki wagtda energetika pudagynyň işgärleri elektrik geçiriji ulgamlary, paýlaýjy kiçi stansiýalary gurup, şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamlaryny täzelemek boýunça uly işleri alyp barýarlar. Bu bolsa içerki sarp edijileri bökdençsiz üpjün etmäge we goňşy ýurtlara elektrik energiýasynyň iberilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Sanly ykdysadyýetiň durmuşymyza ornaşdyrylmagy bilen, önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna hem-de merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyna täsir edýän çeşmeleriň naýbaşysy elektrik energiýasydyr. Elektrik togunyň ýurdumyzda sarp edilişiniň we daşary ýurtlara eksport edilişiniň möwsümleýin we gije-gündiziň dowamyndaky hasabaty berk ýöredilip, energiýa ulgamynda ätiýaçlyk kuwwatlyklarynyň möçberi 15-den 50 göterim aralygynda saklanýar.
Milli ykdysadyýetimizde kompýuter, internet we elektron maglumatlar, telearagatnaşyklar ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini barha artdyrýar. Elektrik energiýasy dünýäde yzygiderli dowam edip duran ýaşaýyş-önümçilik zerurlygy bolup durýar. Şeýle bolansoň ony tygşytly, aýawly ulanmak möhüm işleriň biridir.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ählitaraplaýyn ösmegi, täze önümçilikleriň hatarynyň artmagy, döwlet eýeçiligine dahylly däl pudagyň giňemegine goldaw berilmeginiň netijesinde döreýän kärhanalaryň köpelmegi, şeýle hem ilatyň sarp edijiliginiň işjeňleşmegi bilen baglanyşykly elektrik energiýasyna bolan isleg hem has artýar. Ýurdumyzda sarp edijileriň elektrik energiýasyna we beýleki energiýa serişdelerine bolan zerurlyklarynyň ýylsaýyn köpelýändigine garamazdan, elektrik energiýasyna bolan isleg durnukly kanagatlandyrylýar.
Döwletgeldi BADAGLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler