Däneli we kösükli ekinlerden bol hasyl alyndy

Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bu ýyl hem däneli, kösükli şeýle-de ýagly ekinleriň käbir görnüşlerini taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Daşoguz welaýaty ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan aýratynlykda mäşi, noýbany we künjini köp öndürýär. Welaýatda bu ekinleri ösdürip ýetişdirmekde S.Türkmenbaşy adyndaky we Köneürgenç etraplarynyň ýeterlik tejribesi bardyr. Demirgazyk sebitde ýygnalan hasylyň hemmesi ýöriteleşdirilen degişli barlaghanalarda hil barlagyndan geçirilýär.

Hünärmenleriň pikiriçe, däneli, kösükli şeýle-de ýagly ekinler belli bir derejede ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna hem goşant goşýarlar. Muňa mysal getirsek, noýba topragy azot bilen baýlaşdyrýar we özünden soňky ekinler üçin peýdaly bolýar. Kösükli ekinler suwy diýseň tygşytly sarp etmek bilen, guraklyga we dürli kesellere çydamlydyr. Künji şert dannamaýan ýagly ekinleriň biridir we gurak şertlerde-de gowy hasyl berýär.

Şeýle ekinleriň köpçülikleýin öndürilmegi ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň esasy meseleleriniň birine – suw we ýer gorlaryny has tygşytly peýdalanmak arkaly, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmaga laýyk gelýär.

Ogulsenem TÄŞLIÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok