Arkadagyň ak ýoly — milli paýhasyň gory

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda  türkmen halkynyň  ýol gurmak bilen baglanyşykly gadymdan ençeme pähim-parasatlaryna, milli ýol-ýörelgelerine aýratyn üns berlip, döwrebap derejede ösdürilýär.  Parasatly ata-babalarymyz «Ýol bilen giden ýorulmaz», «Ýol bilmeseň ýola git», «Ýol bilmez adam, menzile ýetmez», «Ýolagçy ýolda ýagşy» diýen birnäçe dana pähim-paýhasy türkmen halkynyň ýol gurmaklygy, ýol bilen baglanyşykly beýik işleri durmuşyň ýol-ýörelgesine, adamzat ýaşaýşynyň özen örküne öwrendigini, ony sungat derejesinde belende göterendigini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda berkarar eden ajaýyp zamanasynda  türkmen halkynyň ýol gurmaklyk baradaky ähli milli ýol-ýörelgeleri, edebi gymmatlyklary örboýuna galdyryldy. Milli Liderimiziň pähim-parasady, egsilmez yhlasy hem-de ägirt uly tagallasy bilen türkmeniň ak ýollary  halkymyzyň köňül ýollary bolup, dünýäniň çar künjegine uzaýar.

Ýaňy-ýakynda  —   şu ýylyň 29-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Aşgabat  —  Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat  —  Tejen bölegi açylyp, ulanylmaga berildi.

Aşgabat  —  Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat –  Tejen aralygynyň uzynlygy 203 kilometrdir. Ýurdumyzyň metbugat sahypalarynda habar berilişi ýaly, ýoluň bu çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin halkara standartlara laýyk çyzgylar çyzylyp, ýol belgileri ýerleşdirilipdir, ulag serişdelerine hyzmat ediş zolaklary we ýangyç guýujy beketler gurulypdyr. Şeýle-de, ýol ugrunda uly we kiçi töleg terminallary ornaşdyrylypdyr  we  döwrebap  gözegçilik, aragatnaşyk, dolandyryş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän Aşgabat  —  Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegi bilen täze ýoluň degişli böleginde Aşgabat — Kaka, Aşgabat — Duşak we Aşgabat — Tejen şäherara ugurlary boýunça awtobus gatnawlaryny hem-de Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Türkmenbaşy — Artyk, Türkmenbaşy — Sarahs, Türkmenbaşy — Ymamnazar, Türkmenbaşy — Farap we beýleki birnäçe ugurlarda üstaşyr ýükleri daşaýan awtoulag serişdeleriniň gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Şeker DYGYÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň
uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok