Abiwerd taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinden täze tapyndylar tapyldy

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde türkmen arheologlary täze tapyndylary ýüze çykardylar. Bu gazuw-agtaryş işleri Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan geçirildi.

Gazuw-agtaryş işleri netijesinde Abiwerd taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinden simap taýýarlamak boýunça önümçilik ussahanasynyň şeýle-de alymlar tarapyndan “hünärmentçilik toplumy” diýlip atlandyrylan meýdançada demir magdanlaryny eredip, metal almak üçin niýetlenen tegelek peçleriň altysynyň galyndylary tapyldy. Alymlaryň aýtmagyna görä, şeýle gaplaryň aýry-aýry nusgalary Merkezi Aziýanyň käbir sebitlerinde tapylypdyr.

Abiwerd barada aýdanymyzda bu şäher, Demirgazyk Horasanyň uly ähmiýetli şäherleriniň biri  bolup, bu barada ýazuw çeşmelerinde: “…bereketli topragy, baý hasyly bolan şäher özüniň şüweleňli bazary we metjidi bilen uly şöhrata eýe bolupdyr” diýlip bellenilýär.  Bu ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri täsin tapyndylary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.

Abiwerdiň çäginde geçirilen barlaglarda şäheriň günorta-gündogar we demirgazyk-günbatar künjeklerinde senetçilik toplumlarynyň bolandygy tassyklanyldy. Şäheriň merkezi böleginde mis işläp bejerýän we zergärçilik ussahanalarynyň bolandygyna şaýatlyk edýän metaldan ýasalan dürli şekiller ýüze çykaryldy. Köp görnüşli keramiki önümler Abiwerdde küýzegärçiligiň ösendigini aňladýar. Bu şäher Demirgazyk Horasanyň möhüm söwda-senetçilik merkezleriniň biri bolupdyr.

Atajan MYLKYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok