Şu ýylyň 12 – 14-nji noýabrynda Katowisiň (Polşa) Silez uniwersiteti we Polşa matematika jemgyýetiniň ýokarky Silez bölümi tarapyndan gurnalan matematika boýunça halkara toparlaýyn talyplar olimpiadasy geçiriler. Bu matematika olimpiada her ýyl Polşa, Russiýa, Ukraina, Estoniýa, Çehiýa we başga-da birnäçe döwletleriň bilermenler toparlaryny bir ýere jemleýär. Olimpiada-da Türkmenistanyň wekilleri hem birnäçe ýyldan bäri üstünlikli çykyş edýärler.
Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan talyplar tejribeli halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda öz ukyp-başarnyklaryny yzygiderli artdyrýarlar. Şonuň üçin bu olimpiada gatnaşýan talyplar öz bilimlerini görkezmäge doly taýýar. Talyplar bu matematika bäsleşigine onlaýn görnüşde gatnaşarlar.
Olimpiada gatnaşýanlar ylmyň aşakdaky ugurlary boýunça birnäçe çözülmeli meseleler berler: algebra we kombinatorika, matematiki derňew (topologiýa we köplük nazaryýeti bilen), funksional deňlemeler (differensial deňlemeleri goşmak bilen), geometriýa we çyzgyly algebra, ölçeg nazaryýeti we ähtimallyk nazaryýeti.
Olimpiada iňlis dilinde geçiriler. Şol sebäpli hem gatnaşyjylar matematika bilimi bilen bir hatarda dil taýýarlygyny hem görkezmeli bolarlar. Bäsleşik 14-nji noýabrda tamamlanyp, ýeňijiler şol gün yglan ediler.
Atajan MYLKYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler