Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiliklik adyl syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilip, ýurdumyzda henize çenli görlüp eşidilmedik ägirt uly ösüşler gazanyldy. Bu uly ösüşler türkmen halkynyň şu günki bagtyýar hem abadan durmuşynyň, bolelin we eşretli ýaşaýşynyň aýdyň mysalyny alamatlandyrýar. Çünki, döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen durnukly ösdürmäge, berk maliýe-bank ulgamyny döretmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli maliýe özgertmeler bu günki gün özüniň oňyn netijesini berýär.
Milli Liderimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirýän parasatly, döredijilikli we ynsanperwer içeri-daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaklykda, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaklykda we durnukly senagat-innowasion ösüşi gazanmaklykda alnyp barylýan giň gerimli işleriň orny barha artyar hem-de eziz diýarymyzyň kuwwatly ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň wysalyna öwrülýär.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň esasynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň, eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagatyny döretmegiň döwlet maksatnamalary netijeli amala aşyrylýar.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda eziz diýarymyzyň ykdysady we maliýe durnuklylygyny üpjün etmekligiň, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaklygyň, bank ulgamynda giň özgertmeleri çaltlandyrmaklygyň ýurdumyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekligiň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenilendigini «Türkmenistany 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Döwlet Maksatnamasynyň» mysalynda-da anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar. Bu Döwlet Maksatnamasyna görä, göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmaklyk, eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaklyk we walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny üpjün etmeklik meseleleri hem ýurdumyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklik üçin örän wajypdyr.
Maýa RAHMANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň
uly mugallymy.
Teswirler