Eýrandan Türkmenistana geçýän eksport ýükler üç esse artdy

Türkmenistan bilen we Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ýakynda gazanylan ylalaşyklar Eýranyň Sarahs etrabyndan ýurdumyza geçýän eksport mukdarynyň üç esse artmagyna ýol açdy. Bu barada “IRNA” agentligi habar berýär.

Berilen beýanata görä, Sarahs etrabynyň serhedinden Türkmenistana her gün geçýän ýük awtoulaglaryň sany 150-ä ýetdi. Iki hepde mundan öň günlük serhetden geçýän ýük awtoulaglaryň sany 50-den geçmeýärdi.

Sarahs etrabynyň häkimi Mohammad Reza Rajabini Eýranyň häzirki hökümetiniň goňşy döwletler bilen gatnaşyklary ileri tutmak syýasatynyň netijesinde ýurduň Türkmenistan bilen serhetýaka hyzmatdaşlygy we söwdasy ösdi diýip belleýär. 

Eýran Yslam Respublikasy 2021-nji ýylyň başyndan bäri Sarahs demir ýol geçelgesiniň üsti bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksportyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende üç esse artdyrdy. Şol degişli döwürde Sarahs demir ýol geçelgesinden Merkezi Aziýa ýurtlaryna 9 müň 500-den gowrak wagonlarda 600 müň tonna golaý ýük eksport edildi.

Nöker ARAZTAGANOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok