BANK ULGAMYNYŇ KÄMILLEŞMEGI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan ýurdumyzyň daşary ykdysady işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy barha depginli ösüşe eýe bolýar. Bu maksatnamanyň esasy wezipesi milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak bolup durýar.

Dünýä ösüşiniň häzirki ýagdaýlarynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülläp ösüşiň, özgerişiň mekanyna öwürmek wezipesinden ugur alýan döwlet strategiýasynda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige ähmiýet berilmeginde aýratyn orun degişlidir. Çünki sanly ykdysadyýet ösüşiň täze görnüşine geçmäge, milli ykdysady ösüşiň güýçlenmegine, halka hödürlenýän sanly hyzmatlaryň görnüşleriniň artmagyna mümkinçilik berýär.

Ykjam internet tehnologiýalarynyň ösmegi hem-de smartfonlaryň iş wezipeleriniň artmagy bilen, ykjam goşundylar amatly we netijeli gurala öwrülip, olary ulanýanlar öz hasabyny barlamak, geçirilen amallary görmek, pul geçirilmegini amala aşyrmak we hyzmatlar üçin tölemek, karz almak ýa-da üzmek, satyn almak ýaly birnäçe işlerini geçirmek ulgamlary yzygiderli ulanýarlar. Türkmenistanda harytlar we  hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmak üçin ykjam goşundylarynyň ornaşdyrylan wagtyndan bäri “Altyn asyr”, “Milli kart”, “Goýum bank kartlary”, “Maşgala” bank kartlary ýaly bank hyzmatlary hem-de “Internet-bank”, “Mobile bank”, “Galtaşyksyz töleg” ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl tölegleriň sany yzygiderli artýar.

Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda ykdysady ösüşde öňde goýlan sepgitlere üstünlikli ýetilmeginde döwlet maksatnamalarynyň ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» esaslanyp, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şeýle hem bank ulgamynda düýpli öňegidişlikleri gazanmaga, ähli pudaklary ösen döwletleriň derejesine ýetirmäge, işleriň we hyzmatlaryň hilini geljekde hem has-da ýokarlandyrmaga giň ýol açylýar.

Azat ATAÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok