Türkmen – Awstriýa gatnaşyklary ösüş ýolunda

Bilşimiz ýaly Awstriýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Mihael Linhart köp sanly awstriýaly işewürler bilen 4-9-njy noýabr aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda 5 günlik saparda boldy. Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda saparda bolup bu döwletleriň ýolbaşçy düzümleri bilen duşuşyklary geçiren jenap Mihael Linhart saparyň soňky gününde,  9-njy noýabrda Aşgabada gelip Türkmenistanyň Daşary işler ministri  Raşid  Meredow bilen  duşuşyk geçirdi.

Geçirilen işewürlik duşuşygynda Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny berkitmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Awstriýanyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň hem-de Maýkl Linhartyň Aşgabatda geçiren duşuşygyndan soň 2022-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.

trler derejesinde geçirilen gepleşiklerden soň Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň we Awstriýanyň işewür wekiliýeti üçin ykdysady we maýa goýum potensialynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Geçirilen ikitaraplaýyn gepleşiklerde döwletleriň arasyndaky söwda gatnaşyklaryna seljerme berildi. Pandemiýa ýagdaýyna garamazdan 2020-nji ýylda ikitaraplaýyn söwda dolanşygy 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 2,5 esse artandygy  we şu ýylyň alty aýyndaky Awstriýanyň Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende  34%  ýokarlanandygy bellenildi.

Türkmen diplomaty, 2022-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisini Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Jenap Mihael Linhartyň bellemegine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynda sanlylaşdyrma, gidroenergetika, saglygy goraýyş şeýle-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge uly mümkinçilikler bardyr. Şoňa görä-de, ol sebit ýurtlaryna saparynyň dowamynda ýany bilen köp sanly awstriýaly işewürleri hem alyp gelipdir.

Bäş günlük saparynyň çäklerinde Awstriýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa»  birinji  Ykdysady forumyna hem gatnaşdy. 

Saparynyň öň ýanynda Awstriýanyň baş diplomaty Owganystanyň ýakyn goňşulary bolandygy sebäpli, Merkezi Aziýa döwletleriniň bu ýurtdaky çökgünligi kadalaşdyrmakda esasy orun  eýeleýändiklerini  nygtapdy. 

Seýli ARYŞOW 
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara 
žurnalistika  fakultetiniň  4-nji  ýyl   talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok