Saglygymyzy üpjün etmek biziň özümize bagly. Gündelik iýýän iýmitlerimize aýratyn ünsli bolmaly. Gök önümleriň adam saglygyna ýaramlydygy hemmämize mälimdir. Şonuň üçin hem gündelik iýmitiň düzüminde gök önümleriň we miweleriň bolmagyny gazanmaly. Gök önümleriň düzümi witaminlere hem-de minerallara baýdyr.
Kelem – minerallaryň hakyky hazynasy hasaplanyp, onuň düzüminde askorbin turşusy limonyňkydan hem aşa köpdür. Eger adamlar günde kelem iýse, onda insultyň we infarktyň ýüze çykma howpyny azaldar.
Kädi – örän gymmatly iýmit önümidir. Az kaloriýalylygy we gowy siňýänligi üçin, ony köplenç çagalaryň iýmitine hem goşýarlar. Mundan başga-da kädi kaliýa, karotinlere we witaminlere hem baý hasaplanýar. Onuň düzüminde A witaminiň barlygy sebäpli, ýaralaryň, ýanyklaryň we aşgazanyň baş keselleriniň bejerilişinde hem peýdalydyr.
Şugundyr – düzüminde B topara degişli witaminler köpdür. Bu witaminiň hut şu tarapy dyrnaklaryň, saçlaryň we deriniň sagdyn bolmagyna, şeýle-de nerw ulgamynyň kadaly işlemegine oňyn täsirini ýetirýär. Şugundyryň düzüminde demir hem-de ýod köpdür. Şeýle hem, şugundyryň düzüminde peýdaly maddalar bolup, olar howply täze döremeleriň öňüni alýar. Onuň reňki näçe goýy boldugyça, düzüminde şonça-da betanin köp bolýar.
.
Halima BATYROWA,
S. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy hünäriniň 118-nji toparynyň talyby.
Teswirler