Daşky gurşawy goramak – milli ekologik abadançylygy üpjün etmek

          Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ekologik abadançylyga we daşky gurşawy goramaklyga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda biziň ýurdumyz  daşky gurşawy goramagyň, tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmagyň, ekologiýa meselelerini çözmegiň dürli ugurlaryna degişli BMG-niň halkara Konwensiýalarynyň we maksatnamalarynyň birnäçesine goşulyp, şol global resminamalaryň tarapdary boldy.

          Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan «Howanyň üýtgemegi hakynda» Çarçuwaly konwensiýanyň, «Biologik köpdürlülik  hakynda» Konwensiýanyň, «Ozan gatlagyny goramak hakynda» Wena konwensiýasynyň, «Çölleşmä garşy göreşmek hakynda» Konwensiýanyň, «Howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna we olaryň ýok edilişine gözgeçilik etmek hakynda» Bazel konwensiýasynyň, «Daşky gurşawa degişli meseleler boýunça adalatlylygyň elýeterli bolmagy hakynda» Orhuss konwensiýasynyň, «Suwly, batgalyk ýerleriň peýdalanmagy hakynda» Konwensiýanyň (Ramsar konwensiýasynyň), «Hazar deňziniň gurşawyny goramak hakynda» Çarçuwaly konwensiýanyň  (Tähran konwensiýasynyň) işjeň agzasy bolup durýar.

          Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda  BMG-niň daşky gurşaw baradaky konwensiýalarynyň we maksatnamalarynyň global mazmunyna laýyklykda milli kanunçylyk işjeň döwrebaplaşdyrylýar.  Gahryman Arkadagly zamanamyzda halkara kadalaryna laýyk gelýän  «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balykçylyk we suw biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Kanunlar, «Tokaý», «Suw» Kodeksleri we başga-da birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Daşky gurşawy goramak, «Ýaşyl ösüş» babatda täze kanun taslamasynyň kabul edilmegi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda alyp barýan ekologiýa syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini anyk-aýdyň  görkezýär.

Enejan REJEPOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok