Ýakynda, Aşgabat şäherinde 1-6-njy noýabry aralygynda COVID-19 pandemiýasy şertlerinde deňiz portlarynda dolandyryş usullaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara onlaýn okuw guraldy.
Bu onlaýn okuw, Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunda işleýän hukuk goraýjy edaralaryň, serhet gullugynyň, port işgärleriniň we karantin hyzmatynyň jogapkärçiligini ýokarlandyrmagyň häzirki zaman usullaryny hödürlemek boýunça tejribe alyşmaga bagyşlanyldy.
Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan taýýarlanan okuw maksatnamasy deňiz howpsuzlygyny üpjün etmek düşünjesi we degişli borçlar, port howpsuzlygyna baha bermek we meýilleşdirmek, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we howpsuzlyk dolandyryşy, howpy ýüze çykarmak we oňa jogap çäresini görmek boýunça sapaklary öz içine alýar.
Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi Wilýam Lif öz çykyşynda «Global pandemiýa serhet goragyna we adamlaryň hem harytlaryň serhetlerden howpsuz geçişini dolandyrmak işine, deňiz portlarynyň logistikasyna we halkara ulag zynjyrlaryna üýtgeşmeler girizdi. COVID-19 krizisi şertlerinde işiň dowamlylygyny üpjün etmek meýilnamalary we adatdan daşary ýagdaý mehanizmleri öňkülerinden has ähmiýetli boldy» diýip belläp geçdi. Ol deňiz portlarynyň üpjünçilik zynjyrynda möhüm ornunyň bardygyny we howpsuzlyk hyzmaty işgärleriniň howpsuzlygy dolandyrmagyň özlerine degişli bölegi we umymy port desgalarynyň goragy üçin jogap bermeginiň ähmiýetiniň örän uludygyny sözüniň üstüne goşdy.
Halkara derejesindäki okuwa Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet serhet, gümrük we migrasiýa gullugynyň, Baş prokuraturasynyň, şeýle hem «Turkmendeňizderýaýollary» we «Türkmenbaşy» halkara deňiz portunyň wekilleri gatnaşdy.
Atajan MYLKYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler