Dünýä hünärleri barada nämeleri bilýäris?

 “Hünäriň – bu seniň düýbüň-damaryňdyr, ony özüňe bagş etseň diliň uzar, iliňe bagş etseň ömrüň uzar” diýilýär. Hünär her bir ynsan üçin zerur bolan gymmatly aýratynlyk. Ilkidurmuş adamsyny kämil adam eden hem zähmet hasaplanýar. Şol irginsiz, köp asyrlaryň dowamynda çekilen zähmet hem-de ynsanyň tebigata bolan iňňän uly gyzyklanmasy netijesinde hünärleriň ençemesi ýüze çykdy.  Häzirki zaman dünýäsinde 40 müňden gowrak hasaba alnan hünärler bardyr. Maglumatlara görä, üç asyr mundan ozal bary-ýogy 500 töweregi hünär bolupdyr. Adamzat siwilizasiýasy näçe ösdügiçe, şonçada hünärleriň sany hem artypdyr.

Innowasion tehnologiýalaryň, tehnikalaryň ösen eýýamynda bu ugurda edilen tehnologiki açyşlar geljekde käbir hünärleriň ýok bolmagyna, olara bolan zerurlygyň aradan aýrylmaklygyna getirer. Bu prosesleriň käbiri eýýäm göze ilýär.

Bar bolan hünärleriň arasynda iň seýrek duş gelýän hünär diň sagadyny abatlaýjy hünäri hasaplanylýar.

Dünýädäki iň howply hünäri anyk kesgitlemeklik kyn. Sebäbi ýöredilýän statistika her ýurda baglylykda tapawutlanýar. Şeýle-de bolsa, bu sanawda agaç çapyjylar, magdançylar, balykçylar durýar.

Iň howply hünäri kesgitlemegiň kyn bolşy ýaly, iň howpsuz hünäri kesgitlemek hem aňsat däl. Germaniýaly alymlar bu babatda sanawda ykdysatçylary öňde goýdular. Olar ykdysatçylaryň ofisdäki ýaralanma derejesiniň pesdigine esaslanyp şeýle netijä geldiler.

Dünýä ýurtlarynyň aglaba böleginde mugallymçylyk käri abraýly, hormatly hünärleriň biri hasaplanýar. Esasan hem Awstraliýada ýaşaýan ilatyň bu käre bolan islegi ýokary.

Geçirilen barlaglara görä, iň giň ýaýran hünär söwda işgäri, ýagny “satyjy” hünäridir. Çünki adamzadyň gündelik durmuş, ýaşaýyş, sosial, maddy we beýleki isleglerini kanagatlandyrýan söwda ulgamy hemme ýerde bar.

Ýer ýüzüniň ilatynyň agramly bölegi oba hojalygynda zähmet çekýär. Bellemeli zatlaryň biri-de, şol oba hojalykçylaryň köp bölegi tüwi ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Çünki dünýäniň köp ilatly bölegi bolan Hytaýda tüwi esasy azyklyk ekin hasaplanýar, dünýä ilatynyň takmynan 15%-i tüwi ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.

Çeper SEÝIDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok