Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty halkara giňişliginde uly ähmiýete we ösüşlere eýe bolup, ata Watanymyzyň halkara abraýyny belent derejelere ýetirdi. Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesini dünýäniň beýleki bitarap döwletleri bilen deňeşdireniňde düýpli tapawutlanýar.
Birinjiden: türkmen bitaraplygy gelip çykyşy boýunça bütündünýä bileleşigi tarapynda BMG-niň agzasy bolan döwletleriň hemmesiniň biragyzdan ses bermegi bilen (185 döwletiň gatnaşmagynda) ykrar edilendir.
Ikinjiden: görnüşi boýunça “hemişelikdir”, ýagny wagt bilen çäklendirilen däldir.
Üçünjiden: manysy boýunça pozitiwdir, konstruktiw häsiýete eýedir.
Dördünjiden: ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny öz erk islegine görä meýletinlikde seçip almaga, onuň parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýanlygy bilen tapawutlanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda geçen 71-nji mejlisinde çykaran 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdi türkmen bitaraplygynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň hemişelik subutnamasy boldy. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyz dünýäde parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde ykrar edildi.
.
Orazberdi ORAZTAGANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler