Türkmen konditer önümleri Almatydaky sergä gatnaşdy

Ýakynda, Merkezi Aziýanyň 23-nji «FoodExpo Qazaqstan 2021» halkara sergisi öz işine başlady. Oňa ýurdumyzda hereket edýän «Balam» türkmen hususy kärhanasy konditer önümleriniň dürli görnüşini hödürledi.

Bu halkara sergi Almaty şäheriniň «Atekent» sergi merkezinde geçirilip, oňa dünýäniň 36 ýurdundan 450-den gowrak kärhanalar gatnaşýar. Kärhanalar öz önümlerini bölümlerdäki iýmit we içgiler, tehnologiýalar, çörek bişirme we konditer senagaty, komponentler atly stendlerde görkezerler. Uly göwrümli bu forum şu gün 5-nji noýabra tamamlanar.

«Balam» konditer kärhanasy 2016-njy ýylda Aşgabatda maşgala işi hökmünde esaslandyryldy. Kärhana kuwwaty 100 kg bolan kiçi sehden aýda 2,5 müň tonna önüm öndürýän uly önümçilik kärhanasyna öwrüldi.

«Balam» konditer kärhanasy Türkmenistanda eksporta gönükdirilen önümleriň täze we doňdurylan köp görnüşini öndürmäge ukyply kärhananyň biridir. Zawot Şweýsariýanyň we Germaniýanyň dünýä belli enjamlary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan.

Döwrebap kärhanada, Türkmenistanda öňdebaryjy konditer kärhanalarynyň biridir we onuň öndürýän önümleri – gatlakly, owranýan hamyrdan önüm, sdoba, çörekler, gündogaryň süýji nygmatlary, tortlaryň 100-den  gowrak görnüşini şokolad tagamly we kişmişli gatlakly kökeleri, malina, alça, klubnika, oblepiha, çernika mürepbeli gatlaklylary we kökeleri öndürýärler.

Konditer kärhanasynyň ähli önümleri ýurdumyzda ýetişdirilen gallanyň unundan taýyn edilýär. Önümleri köpugurly «Gozly» kärhanasynda öndürilen gaplara gaplanýar.

Merjen GURBANGELDIÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok