Döwrebap ykdysady özgertmeler — milli galkynyşyň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli adyl syýasaty netijesinde mukaddes Watanymyzyň ykdysady ösüşinde düýpli özgerişler bolup geçdi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda eziz diýarymyz Türkmenistan tebigy-çig mal we oba hojalyk sebitinden döwrebap ýangyç-energetika toplumy, ýokary derejeli gaýtadan işleýän senagaty, gurluşyk senagaty, sazlaşykly ösýän obasenagat toplumy  bilen syýahatçylyk pudagy bolan ýurda öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiz ägirt uly maýalaryny ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň çalt ösýän pudaklaryna goýup, şol bir wagtyň özünde hem giň gerimli ykdysady özgertmelere daşary ýurt maýasyny çekip netijeli syýasaty alyp barýar. Milli Liderimiziň netijeli ykdysady syýasatynyň esasynda halkyň aňrybaş durmuş derejesini gazanmaklyk Türkmenistanda ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň esasy maksady bolup durýar. Bu maksat  ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň saýasynda ykdysady ösüşi, doly işliligi, nyrhlaryň derejesiniň durnuklylygyny we milli puluň hümmetliligini, oýlanyşykly daşary ykdysady we durmuş syýasatyny üpjün etmeklik arkaly gazanylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uzak möhletleýin durnukly ykdysady ösüşi gazanmaklyk boýunça halk hojalygynyň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaklyk işi üstünlikli alnyp barylýar. Bu ugurda milli Liderimiziň pähim-parasady bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» netijeli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlaryny özleşdirmäge, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny doly sanlylaşdyrmaga hem-de Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge ýardam berýär. Munuň özi bolsa, hormatly Prezidentimiziň  «Döwlet adam üçindir» diýen parasatly taglymatynyň barha rowaçlanýandygyny anyk-aýdyň görkezýär.

Züleýha ÇARYÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we

dolandyryş institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok