DÖWLETLILIGIŇ GOŞA GANATY

Garaşsyzlyk alyp galkynan, Bitaraplyk alyp beýgelen ata Watanymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Ýurdumyz «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uly dabara bilen belleniljek  Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllyk baýramçylygyna günsaýyn golaýlaşýar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Häzirki döwürde aýratyn wakalaryň halkara derejeliliginiň bellenilmegi, olar hakyndaky iň anyk kesgitlemedir. Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň tutuş mazmuny hem halkara derejeli jemgyýetçilik ulgamyny kemala getirmegiň üstünlikleri bilen utgaşyklylykda açylýar. Ýöne iň esasy ýeňiş üstünlik gazanylmagynda hem bolman, ol adamlaryň döwrebap ylym-bilim almaga bolan garaýyşlarynda, döredijilikli işlemäge bolan ukyplarynda jemlenilýär. Şol hem tutuş jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy arkaly amala aşyrylyp bilner, çünki adamlaryň zähmete ukyby hem, ilki bilen, olaryň sagdyn bolmagyna baglydyr. Türkmenistanda sportuň we syýahatçylygyň ösdürilmegi boýunça amala aşyrylýan çärelerde hem şu maksat esasy orunda durýar. «Sport ösüşiň hem-de parahatçylygyň ilçisi» diýen şygar Bitarap döwletimiziň şu ugurdaky işjeňligine umumy häsiýet berýär. » diýip diýseň jaýdar belleýär.

Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň döwletliliginiň goşa ganatydyr. Şol goşa ganat birleşip, halkymyz bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşaýar.

Maksat ORAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Talyplar sport
klubynyň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok