ARKADAGYŇ AK ÝOLLARY

Ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini açylyp ulanylmaga ak pata berildi. Bu bolsa halkymyzyň begenjini artdyryp, şatlygyny goşalandyrdy.  Bu uly tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ata-baba­la­ry­my­zyň ýol, köp­ri gur­mak ýa­ly so­gap­ly iş­le­ri­niň do­wa­mat-do­wam­dy­gy­nyň, äh­li­ta­rap­la­ýyn ösüş­le­ri­miziň ny­şa­ny­dyr.

Ýo­luň gur­lu­şy­gy­na 2019-njy ýy­lyň 24-nji ýan­wa­ryn­da ba­dal­ga be­ril­di. Onuň 1-nji tap­gy­ry­nyň, ýag­ny Aşgabat — Te­jen ara­ly­gy­nyň gur­lu­şy­gy do­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, 2-nji tap­gy­ry­ny (Te­jen — Ma­ry ara­ly­gy) 2022-nji ýyl­da, 3-nji tap­gy­ry­ny (Ma­ry — Türk­me­na­bat ara­ly­gy) 2023-nji ýyl­da ta­mam­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Ýol gur­lu­şy­gyn­da ýö­ri­te teh­ni­ka­la­ryň we aw­tou­lag­laryň 2 müň 500-e go­la­ýy iş­le­dil­ýär, gur­lu­şyk­çy­la­ryň müňler­çe­si yh­las­ly zäh­met çek­ýär. Gur­lu­şyk­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar, yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nanla­ry, ösen tej­ri­be­ler iş­jeň ula­nyl­ýar. Ýo­luň umu­my uzynly­gy 600 ki­lo­metr bo­lup, onuň açy­lyp ulan­ma­ga be­rlen Aş­ga­bat —Te­jen bö­le­gi­niň ara­ly­gy 203 ki­lo­metr­dir. Onuň ug­run­da en­çe­me in­že­ner­çi­lik des­ga­la­ry bi­na edil­di, ýolag­çy­lar­dyr sü­rü­ji­le­re äh­li amat­lyk­lar dö­re­dil­di. Des­ga­da san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri hem ne­ti­je­li ula­nyl­ýar.

Bu ýo­ka­ry tiz­lik­li, hal­ka­ra de­re­je­li ýol 6 sa­ny he­re­ket zo­la­gyn­dan yba­rat­dyr. Ol teh­ni­ki taý­dan dün­ýä öl­çeg­leri­ne la­ýyk gel­ýän aw­to­ma­gist­ral de­re­je­sin­de­dir. Onuň ýer dü­şe­gi­niň giň­li­gi 34,5 metr, ýol he­re­ket bö­le­gi­niň giň­li­gi her ta­rap­da 11,25 metr, he­re­ket zo­la­gy­nyň giňli­gi 3,75 metr. In­že­ner­çi­lik ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, 1-nji hem-de 2-nji gat daş dü­şe­gi­niň her­si­niň ga­lyň­ly­gy 30 san­ti­metr bo­lup, 3-nji hem-de 4-nji gat­la­ra de­giş­li­lik­de 20 san­ti­metr­den dü­şel­di, ýag­ny daş-ça­gyl dü­şe­gi­niň je­mi ga­lyň­ly­gy 1 met­re ba­ra­bar­dyr. Soň­ra 3 gat — 1-nji ga­ty­na 10 san­ti­metr, 2-nji ga­ty­na 7 san­ti­metr, 3-nji gaty­na 5 san­ti­metr ga­lyň­lyk­da as­falt dü­şel­di.

Gel­jek­de bu ýo­luň gur­lu­şy­gy­nyň do­ly ta­mam­lanma­gy ýur­du­my­zyň ýol ul­ga­my­nyň ge­çi­ri­ji­lik uky­by­ny, lo­gis­tik hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ep-es­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, halka­ra ulag-üs­ta­şyr dü­zü­mi hem-de Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen goň­şy ýurt­lar bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

Tirkeş JUMADURDYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň binagärlik-gurluşyk
fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok