TÜRKMEN DÜNÝÄSI: Orazmuhammet Gurbannyýazow – Gündogaryň we Günbataryň beýik kompozitory we gumanisty

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly konsert zalynda ajaýyp kompozitor Orazmuhammet Gurbannyýazowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi.

Bu aýdym-sazly dabaramyzda zehinli halypa baradaky ýatlamalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň aýdym-saz medeniýetine bahasyna ýetip bolmajak goşandy barada ilki bilen Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamyradowa diňleýjiler bilen paýlaşyp,  kompozitoryň “Ikatýok” (“Кукушка”) atly görnükli eserini ýerine ýetirdi.

Şeýle hem “Ikatýogy” wideo-format görnüşinde Russiýanyň halk artisti, häzirki döwrüň belli skripkaçysy Leonora Dmiterkonyň ýerine ýetirmeginde tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Diňleýjileri kompozitoryň durmuşyndan gyzykly pursatlar bilen Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow tanyşdyrdy. Bu maglumat kompozitoryň özüni gahrymançylykly tarapdan görkezen düşünjäni ähmiýetli artdyrdy. Batyrlyk synagyndan mertebe bilen geçen adamyň “Ikatýok”, “Tokatta” we başga-da nepis sazlaryny döredip biljekdigi haýran galdyrdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Aşyr Aşyrowyň “Tokattany” ýerine ýetirmeginden öň Lýudmila Awdeýewanyň «Гимн дутару» atly goşgusyny Gülzada Guldurdyýewa labyzly okady.

Şeýle hem öz gezeginde kompozitor barada Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew özünde galan täsirlerini gürrüň berdi:

Kompozitorlar birleşiginiň gurultaýlarynyň birinde Orazmuhammet Gurbannyýazow bilen bir saçagyň başynda oturmak maňa miýesser etdi, – diýip ýatlaýar. – Şol döwür kompozitor özüniň 70 ýaşyndan ýaş görünýärdi. Ol P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasynda Şebalin, Fere ýaly mugallymlarda bilim alyp, esasanam Russiýada ýaşapdyr. Kompozitor 2008-nji ýylda aradan çyksa-da, onuň ýüreginden dörän çuňňur milli sazy galýar. Ol – bir bölümli simfoniýanyň we simfoniki orkestr üçin “Dramatiki poemanyň” awtorydyr. 1965-nji ýylda ol dört bölümli simfoniýany döredýär. Şeýle hem ol “Aşgabat” kantatanyň, köpsanly aýdym-romanslaryň, esasanam fortepiano we skripka üçin kamera-instrumental eserleriniň,  «Секвенционные приемы игры модуляций» atly usulyýetiniň awtory we ylym esasynda Bethoweniň döredijiligini öwrenipdir.

Orazmuhammet Gurbannyýazowyň doglan gününiň 100 ýyllygy Moskwadan giňden bellenildi. Bu senä bagyşlanyp, kompozitor Orazmuhammet Gurbannyýazow barada «Великий композитор и гуманист Востока и Запада» atly kitaby neşir edildi. Moskwa konserwatoriýasynda geçirilen dabaraly çärelerinde şol sanda türkmen kompozitora bagyşlanan ylmy-tejribeçilik konferensiýasy hem geçirildi.

 Orazmuhammet Gurbannyýazowyň ömri we döredijiligini gürrüň berýän «Я слышу музыку Победы» atly dört sany wideofilmiň prezentasiýasy görkezildi.

Şu ýylyň oktýabr aýynyň soňunda geçirilen Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” VI halkara festiwalynda Orazmuhammet Gurbannyýazowyň birnäçe eserleriniň ýerine ýetirilmegi bilen bellenilip geçildi.

Konsertiň dowamynda türkmen kompozitory Orazmuhammet Gurbannyýazow aýdym-sazyň özi üçin nähili ähmiýetlidigini gürrüň berýän wideofilminden bir bölek görkezildi.

Konsertiň ahyrynda Türkmenistanyň halk artisti, dirižýor Gurban Babaýewiň ýolbaşçylygynda konserwatoriýanyň kamera hory kompozitoryň “Tüm gijeler” aýdymyny ýerine ýetirdi.

.

Güljemal DURDYÝEWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
Sazşynaslyk hünäriniň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok