Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň nazarynda dost – doganlygyň mekany hasaplanýar. Goňşy döwletler bilen ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklar ýyl-ýyldan has-da berkeýändigi hem muňa aýdyň mysal bolup durýar. Ähli pudaklarda şol sanda ylym-bilim, saglyk, ykdysadyýet, medeni, oba hojalyk pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen şygary döwletimiziň baş ýörelgesine öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen halkynyň ykbalynda buýsançly wakalaryň biri bolup geçdi. Ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda dünýäniň 185 döwleti tarapyndan Türkmenistana Bitaraplyk derejesi berildi. Bitaraplyga eýe bolan güni bütin türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan waka boldy. Geçen döwrüň içinde ýurdumyzda asyrlar barabar işler bitirildi. Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, birnäçe halkara guramalaryň agzasy boldy. Munuň özi ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha artyp, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän hoşniýetli gatnaşyklarynyň rowaç alýandygyny subut edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Diýarymyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, şeýle hem, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletler we dünýäniň beýleki ençeme döwletleri bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy täze hil derejelerinde ösdürýär hem berkidýär. Parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen durnukly ösüşi üpjün etmek babatyndaky ýörelgä berk eýermek bilen, syýasy-diplomatik we ykdysady çäreleri has-da işjeňleşdirýär.
Begmyrat AŞYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler