Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan daşary gatnaşyklarda oňyn Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýär hem-de sebitde we dünýäde parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, birek-birege hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk ýaly düýpli ýörelgeleriň esasynda hereket edýär.
Ýurdumyzyň baky Bitaraplygy ählumumy ösüşi nazarlaýar we oňa ýardam bermek wezipesinden ugur alýar. Bitaraplyk türkmen döwletiniň berkararlyk sütünleriniň biridir. Onuň taryhy ähmiýeti hem örän uludyr. Baky Bitarap we ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistanyň Ýer ýüzünde amala aşyrýan beýik işleri we öňe sürýän oňyn başlangyçlary ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da beýgelmegine getirýär.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny öz erk islegine görä meýletinlikde seçip almaga, onuň parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýanlygy bilen tapawutlanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda geçen 71-nji mejlisinde çykaran 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdi türkmen bitaraplygynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň hemişelik subutnamasy boldy. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyz dünýäde parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde ykrar edildi.
Bize şeýle ajaýyp zamanada okamaga, işlemäge, döretmäge çäksiz mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt we umumadamzat bähbitli asylly başlangyçlary rowaç alsyn!
Sülgün ÇARYÝAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler