BITARAPLYK – BUÝSANJYMYZ, BAGTYMYZ

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow:

Bitaraplyk bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, kuwwatly döwletimiziň, agzybir milletimiziň, adyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan gymmatlykdyr.

Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen halkynyň ykbalynda buýsançly wakalaryň biri bolup geçdi. Ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda dünýäniň  185 döwleti tarapyndan Türkmenistana Bitaraplyk derejesi berildi. Bitaraplyga eýe bolan güni bütin türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan waka boldy. Şondan sanlyja ýyl geçenden soňra, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň 193 döwleti tarapyndan ýurdumyza ikinji gezek hemişelik Bitaraplyk derejesi berildi. Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy bilen eziz ýurdumyz ösüşleriň bedew bady bilen öňe ilerledi. Daşary syýasatda goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklarda oňyn netijeler gazanyldy.

Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň nazarynda dost – doganlygyň mekany hasaplanýar. Goňşy döwletler bilen ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklar ýyl-ýyldan has-da berkeýändigi hem muňa aýdyň mysal bolup durýar. Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyz tanalmaz derejede özgerdi we birnäçe maksatmanalaýyn işler durmuşa geçirildi. Ähli pudaklarda şol sanda ylym-bilim, saglyk, ykdysadyýet, medeni, oba hojalyk pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen şygary döwletimiziň baş ýörelgesine öwrüldi.

Türkmenistanyň her bir raýaty üçin Bitaraplyk türkmen döwletiniň taryhynda iň bir şanly wakalaryň birine öwrüldi. Bitaraplyk derejesi halkymyza ýeňişlere beslenen şöhratly we aýdyň ýoly açyp berdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti barha artýar hem-de halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlyklaryň gerimi giňeýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň 140-dan gowragy bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýandygy şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, konwensiýalaryň 50-ä golaýynyň agzasydygy aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy.

Bularyň ählisi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň parahatçylygy wagyz edýän, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk syýasatynyň sebit ähmiýetiniň örän ýokarydygyny hem-de dünýä ýüzünde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Her ýylda agzybir türkmen halky Bitaraplyk baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär. Bu ýyl hem halkymyz Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygyna uly zähmet üstünlikleri bilen barýar. Ýurdumyzy gülledip ösdürmekde durmuşa geçirýän beýik özgertmeli işleri üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Şöhrat ATAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok