1-nji noýarbda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Döwlet Baştutanymyza oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, pagta ýygymy möwsüminiň depginini güýçlendirmek babatyndaky çäreler, Türkmenistanyň welaýatlarynda bugdaý ekişiniň jemleri barada hasabat berildi.
Mälim bolşy ýaly, obasenagat toplumynyň işgärleri öňde goýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary edýärler. Pagtaçylar bol hasyly ösdürip ýetişdirdiler we pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin güýç-gaýratlaryny aýaman zähmet çekýärler. Şu günler pagta ýygymy güýçli depginde dowam etdirilýär, edermen daýhanlar hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleri görýärler.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin ekin meýdanlarynda güýzlük ýeralmanyň, gök hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly iş maslahatynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem bellenilip geçildi.
6-njy noýabrda geçiriljek güýzki bag ekiş möwsüminde 15 million agaç nahalyny oturtmak meýilleşdirilýär.
Rahat BERDIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
talyby.
Teswirler