Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar bilen birlikde ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejeli bilim almaklary üçin örän uly işler durmuşa geçirilýär. Muňa her ýylda türkmen ýaşlarynyň ençemesiniň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga goýberilmegi hem aýdyň subutnamadyr. 2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýurdumyza eden döwlet saparynda hem bu goňşy ýurt bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň jemi 20 sanysyna gol çekildi. Duşuşyklaryň dowamynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Täjirçilik däl paýdarlar jemgyýeti görnüşdäki «Al-Farabi adyndaky Milli gazak uniwersitetiniň» arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem sanly ulgam arkaly gol çekildi. Bu Ähtnama gol çekilmegi türkmen-gazak medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda özüniň mynasyp goşandyny goşar.
Häzirki wagtda Al-Farabi adyndaky Milli gazak uniwersiteti dünýäniň iň öňdebaryjy uniwersitetleriniň 200-liginiň sanawyna girýär. Gazagystan Respublikasynyň bu ýokary okuw mekdebi häzirki wagtda dünýäniň 400-den gowrak halkara uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk edýär. Uniwersitetde türkmenistanly talyplaryň 400-e golaýy bilim alýar.
Gazagystanyň we Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdebiniň arasynda gol çekilen Ähtnamanyň çäginde geljekde mugallymlaryň halkara we sebitleýin gatnaşyklarynyň, halkara hukugynyň, dünýä ykdysadyýetiniň, syýasy kommunikasiýanyň we internet žurnalistikasynyň möhüm meseleleri boýunça bilelikde sapaklary geçirmegi göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, okuw seminarlaryny guramak, ylmy-amaly maslahatlary we barlaglary geçirmek, akademiki çärelere gatnaşmak üçin özara çakylyklary, makalalary, okuw we görkezme gollanmalaryny, okuw maksatnamalaryny alyşmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk ediler.
Şeýle ylalaşyklaryň baglaşylmagy iki dostlukly ýurduň bu ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirer. Şonuň ýaly hem ýaşlaryň bilim we hünär derejesini kämilleşdirmekde uly goşant bolar.
Atajan HAMRAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler