Döwrebap bilim maksatnamasy – global özgerşiň ösüş binýady

         Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli özgerdip gurmaklyk, bilim berşiň ähli basgançaklaryny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmeklik, ýaş nesliň döwrüň ösen talaplaryna görä bilimli we hünärli bolmagyny üpjün etmeklik ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynda 2007 – 2019-njy ýylarda durmuşa geçiren bimöçber işleri  özüniň oňyn netijelerini berdi hem-de bu wajyp ulgamy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen giň gerimli meýilnamalaryň nobatdaky tapgyrynyň – «Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagy üçin zerur bolan ygtybarly binýady emele getirdi. «Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen döwür üçin bilim berşiň ähli basgançaklary, şol sanda hünär bilimi babatynda hem ýetilmeli anyk sepgitler kesgitlenendir.

         Gahryman Arkadagymyzyň: «Häzirki zaman jemgyýetiniň hakyky gymmatlyklary baýlyklarda däl-de, eýsem adamlardadyr, olaryň bilimliligindedir, hünär derejesindedir we zähmetleriniň netijeliligindedir.» – diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, ösüşiň innowasion nusgasyny saýlap alan ýurdumyzyň geljegi, onuň täze belentliklere galmagy Watanymyzyň ösüp gelýän ýaş nesline baglydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmeklige gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerinde hünär biliminiň ähli basgançaklaryny häzirki zamanyň talaplaryna laýyk giňeltmäge we ösdürmäge aýratyn orun berilýär. 

         Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyny üçünji müňýyllygyň talaplaryna laýyklykda täze hil derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmeleriniň oýlanyşykly we yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ägirt uly ösüşler gazanyldy. Bilim ulgamy ähli babatlarda dünýä tejribesiniň iň öňdebaryjy nusgalarynyň derejesine çykarylýar. Ýurdumyzyň geljegini, türkmen jemgyýetiniň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolan bilim ulgamynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan uly üstünlikler hormatly Prezidentimiziň öňdengörüji paýhasynyň we taýsyz tagallalarynyň ajaýyp netijesidir.

Jennet SEÝITGULYÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok