Ylmy-amaly maslahat geçirildi

1-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli, ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Maslahatda edilen çykyşlarda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň türkmen döwletiniň taryhynda möhüm waka bolandygy bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe-bank ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmakda gazanylan üstünlikler, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bank ulgamynyň eýeleýän orny bellenildi.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, bank ulgamyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň esasy maksady işiň has köp zähmeti talap edýän görnüşlerini awtomatlaşdyrmakdan, maliýe-ykdysady ulgamyň işini işjeňleşdirmekden, hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmakdan, netijeliligi we hili ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Amala aşyrylýan işleriň netijesinde milli pul birligimiz — manat elektron görnüşde hem giňden ulanylýar. Türkmenistanlylaryň “Altyn asyr”, “Millikart”, “Maşgala”, “Goýum bank karty», “Overdraft karty”, şeýle hem halkara “VISA” we “MasterÑard” bank kartlaryny peýdalanmagy pul dolanyşygynyň ösüşinde täze tapgyry açdy. Mundan başga-da ilatyň dolanyşykda bolmadyk pul serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy hem-de olaryň girdejileriniň artdyrylmagy üçin depozit bank karty netijeli gural bolup durýar, ol töleg terminallarynyň, “Internet-bankyň” we “Mobil-bankyň” hyzmatlary arkaly nagt däl görnüşde töleg geçirmäge, goýumlaryň galyndysyny hem-de internet üsti bilen geçirilen göterim töleglerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Bank ulgamy üçin işgärleri taýýarlamak forumda garalan aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, geljekki ykdysatçylary taýýarlamak boýunça ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýaş nesle döwrebap bilim bermek ugrunda ähli tagallalar edilýär.

Dünýäniň iri okuw merkezleri bilen hem köpugurly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Okuw meýilnamalary yzygiderli täzelenilýär, täze hünär ugurlary açylýar. Şunuň ýaly toplumlaýyn çäreler täzeçe pikirlenmegi başarýan hem-de özbaşdak batyrgaý çözgütleri kabul etmäge ukyply halkara derejeli hünärmenleri ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.

Şanly sene mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Garaşsyzlyk ýyllary içinde goýberilen pul birlikleriniň nusgalaryny, gymmat bahaly metallardan taýýarlanylan ýadygärlik şaýy pullary, milli zergärçilik şaý-seplerini hem-de ýurdumyzyň numizmatikasynyň taryhyna bagyşlanan maglumatlary özünde jemleýän ýörite sergi guraldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok