Kitap hakynda dürdäne sözler

…Kitaby ýüregiňizden eý görüň! Ol diňe bir oňat dost bolman, siziň baky ynamdar hemraňyzdyr.

                                                                                                    M. Şolohow.

Eger awtor kitabynda bolmaly zady göwnejaý berip bilen bolsa, onda onuň kitaby oňat kitapdyr.

                                                                                                          Aristotel

Elime oňat kitap düşen wagty men öz durmuşyma bir ajaýyp zady gürrüň berýän, janly bir zadyň aralaşandygyny syzýaryn.

Medeniýetli adamy terbiýelemek üçin iki güýç has şowly hyzmat edýär: sungat hem ylym. Bu güýçleriň ikisem kitaplarda jemlenýär.

Özümdäki gowy häsiýetleriň hemmesi üçin men kitaba minnetdar.

Maksim Gorkiý.

Kitap-adamzat bilimleriniň çesmesi, şeýle hem adamzadyň güýjüniňem çesmesidir. Köp okan, bilimli adam durmuşda yzagalak, medeniýetsiz adamlara garanyňda juda köp zatlary başarar.

M. Isakowskiý.

Kitapsyz jahan-gijedir, kitapsyz-daş-töwerek tümlükdir.

                                                                                                        W. Gýugo.

Ylym kitaplaryň netijesi bolman, kitap ylymlaryň netijesi bolmalydyr.

                                                                                                          F. Bekon.

Kitap-ynsan göwnüniň dünýäni synlaýan aýnasydyr. Kitapsyz jaý, penjiresiz otagdan enaýy däldir.

                                                                                                        R. Wilson.

Okyjyda: “Şunuň ýaly kitaby men hem ýazyp bilerdim” diýen pikiri döredýän kitaplar iň oňat kitaplar hasaplanylýar.

                                                                                                         B. Paskal.

Gowy kitaba tötänden duş gelen adamyň şondan soň bütin ykbalynyň başgaça bolup gitmegi mümkindir.

                          E. Prewo.

Gowy kitaby ilkinji gezek okanymyzda, biz täze dost tutunan ýaly bolýarys. Öň okan kitabymyzy gaýtadan okanymyzda bolsa, köne dostumyza sataşan ýaly bolýarys.

                                                                                                         F. Wolter.

Kitaplar päkize, rehim-şepagatly özbaşdak bir dünýä bolup, biz olaryň arasynda ýaşap we bagtly bolup bileris.

                                                                                                U. Wordswort.

.

Umyda BATYROWA,

S. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat  agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi
hünäriniň 101-nji toparynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok