«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly turuwbaşdan taryhy öwrülişikleriň, türkmeniň adyny äleme ýaň salan şanly seneleriň ýyly boldy. Hakykatdan-da, türkmeniň toýy goşa-goşadan gelýär. Watanymyzy şöhratlandyran buýsançly wakalar barada söz açmak has-da ýakymly. Ol wakalaryň, beýik özgertmeleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň oňyn netijeleridir.
Şu ýyl ykdysadyýetiň, medeniýetiň, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda uly öňegidişlikler boldy. Täze gurlan binalar we desgalar ösüşleriň üstüni ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalary, «Arkadag» myhmanhanasy, sebitde deňi-taýy bolmadyk «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, şeýle-de Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Häzirki wagtda Köpetdagyň belent gerşinde akyldar şahyrymyzyň ägirt uly heýkeliniň hem-de üýtgeşik binagärlik taslamasy bilen tapawutlanýan «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Her ýyl bolşy ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynyň taryhynda bu ýyl uly wakalar bolup geçdi. Milli senenamamyzdaky baýramçylyklaryň ählisi uly ruhy joşgun bilen garşy alyndy. Lebap welaýatynda medeniýet hepdeligi we onuň çäklerinde birnäçe çäreler guraldy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň başynda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek hakda resminama gol çekdi. Türkmen alabaýynyň güni we Türkmen bedewiniň milli baýramy ilkinji gezek bilelikde geçirildi.
Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy uly derejede bellenip geçildi. 25-nji maý — Aşgabat şäheriniň gününde «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň toýy güni täze gurlan Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada dabaraly harby ýöriş geçirildi. Şol gün agşam medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy. Dabaralardan soň, ilkinji gezek dron şüweleňi görkezildi.
Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň bu ýyldaky ösüşleri baradaky şöhratly ýazgylarymyzy näçe diýseň uzaldybermeli. Asyl, ol bir ýa iki sahypa sygarly däl. Bu bolsa ata Watanymyzyň ýyldyrym çaltlygynda beýik ösüşleri gazanýandygyny subut edýär.
Aýtäç ORAZGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler