Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan döredilen «Nejep oglan» filmi Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek «Gorkut ata Bütindünýä türk film festiwaly» atly gözden geçirilişiň bäsleşik meýilnamasyna girizildi.
«Nejep oglan» filmi has ýagty we göwrümli görkezýän 4K formatynda innowasion enjamda düşürilip, ilkinji gezek 2020-nji ýylda Aşgabatda görkezildi we gysga wagtda köpçüligiň göwnüne ýarady. Filmde dutar sazy bilen göwün hassalygyny bejerýän gudratly güýje eýe bolan ýaş bagşynyň başdan geçirmeleri hakda gürrüň berilýär. Filmiň režissýory Wepa Işangulyýew.
«Gorkut ata» Bütindünýä türk film festiwalynyň çäginde Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Tatarystandan we türk dünýäsiniň beýleki ýurtlaryndan barjak kinematografçylar taryhy we häzirki zaman fantastikasy žanrynda surata düşürilen iň oňat eserlerini, resminamalaýyn we multiplikasion filmlerini görkezerler.
Wepa ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler