BITARAPLYK – BAKY BAGTYM

Ber­ka­rar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň 26 ýyl­ly­gy­ny bel­le­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan iki ge­zek yk­rar edil­di. Bu bol­sa dün­ýä­de äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we yla­la­şyk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, öza­ra dü­şü­niş­mä­ge we yna­nyş­ma­ga esas­lan­ýan hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň hem-de ösdürmegiň bäh­bi­di­ne dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mä­ge ça­lyş­ýan döw­let hök­mün­de Garaşsyz Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny bar­ha be­len­de gal­dyr­ýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda, 25 döwletiň awtordaş bolmagynda BMG­niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmegi türkmen halkynyň taryhynda iň ajaýyp wakalaryň biri boldy. 2015-nji ýyl­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy de­giş­li Ka­rar­na­ma­ny ka­bul edip, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ny ikin­ji ge­zek yk­rar et­di. Bu Kararnama­da Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň se­bi­tiň ýurt­la­ry we beý­le­ki döw­let­ler bi­len pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li, dost­luk­ly we öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge ýardam ed­ýän­di­gi, Türk­me­nis­ta­nyň iş­jeň we oňyn or­ny eýe­le­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär.

He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp, eziz Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ne, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da giň­den ýaý­baň­lan­dy­ry­lan oňyn öz­gert­me­le­re, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga we se­na­gat­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn mil­li Mak­sat­na­ma­la­ry­my­zyň äh­mi­ýe­ti­ne ba­gyş­la­nan yl­my mas­la­hat­lar ge­çi­ril­ýär. Iri önüm­çi­lik, me­de­ni-dur­muş, ylym-bi­lim, sag­lyk we sport mak­sat­ly tä­ze des­ga­lar da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­ýar, baý öwüş­gin­li, me­de­ni-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.

Mergen TÄŞLIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok