Tygşytlamagyň Halkara güni

Hazirki wagtda dünýäniň dürli künjeginde dürli ulgamlara degişli baýramçylyklar we seneler bellenilip geçilýär. Şol seneleriň arasynda ykdysadyýet ulgamy bilen baglylaryň sany hem az däldir. Şolaryň biri hem tygşytlamagyň Halkara güni bolup durýar. 1984-nji ýylda Italiýanyň Milan şäherinde dünýäniň ençeme banklarynyň maliýe-kredit ulgamynyň meselelerine we döwletleriň arasynda maliýe ulgamyna degişli şertnamalary baglanyşmaga bagyşlanan ilkinji Halkara Kongresi geçirildi. Ona 30-dan gowrak ýurduň resmi wekilleri gatnaşdy. Halkara tygşytlamak gününi döretmek pikiri ilkinji bolup şu kongresiň jemleýji gününde peýda boldy. Soňrak 1989-nji ýylda bu baýramçylyk resmi şekilde BMG-sy tarapyndan kabul edilip, halkara derejesinde bellenilip başlanyldy.

Ilkibaşda bu sene adamlaryň hususy maliýe artdyrmalaryny tygşytlamagyň wajyplygyny we aktuallygyny görkezmäge gönükdirilýärdi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda şol gün banklara gelip hasaplaryna tygşytlamak üçin maliýe serişdelerini goýmak däbe öwrüldi. Emma gysga wagtyň dowamynda tygşytlylyk düşünjesi has giň many eýe boldy – ýagny, adamlar öz saglygyny we fiziki ukyplaryny ulanmakda has jogapkärçilikli çemeleşmelidirler. Maliýe serişdelerinden başga-da tygşytlylyk düşünjesi tebigy resurslara hem göniden-göni degişli bolup durýar. Her ýylda tebigy resurslaryň görnetin azalmagy häzirki wagtda tebigy resurslardan tygşytly peýdalanmagyň adamzadyň öňünde durýan iň esasy meseleleriň biri bolmagyna esas döredýär.

Berkarar döwletmiziň bagtyýarlyk döwründe Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyzyň ykdysady ulgamyny has-da pugtalandyrmakda yzygiderli parasatly başlangyçlar alnyp barylýar. Munuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň döwlet derejesinde tebigy resurslarymyzy peýdalanmakda öňdengörüjilikli syýasaty alyp barýanlygy hemmämize mälimdir.

.

Meýlis HOJAMYRADOW,

Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3 ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok