Şu gün Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylmagy, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegiň hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda hususy ulgamyň ornunyň artmagynyň, sebit we ählumumy multimodal gatnawlar ulgamyna goşulmagynyň hasabyna, ata Watanymyzyň geoykdysady kuwwatyndan doly peýdalanmak babatda hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bilen baglanyşykly hoşallyk maslahaty geçirildi.
Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, agzybirlik, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde elmydama rowaçlyklar ýar bolmagyny arzuw edip, alkyş sözlerini aýtdylar.
Nabat Baýramowa
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň mugallymy
Teswirler