BAGTYÝAR GELJEGIŇ BINÝADY

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli adyl syýasaty netijesinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ata-babalarymyzyň arzuw-hyýallarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk ruhy we milli gymmatlyklarymyzyň, asylly ynsanperwer däplerimiziň dikeldilmegine mümkinçilik berdi.

Ata Watanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hormatly Prezidentimiziň «Bitarap Türkmenistan», «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly ajaýyp kitaplarynda has giňişleýin aýdyňlaşdyryldy.

12-nji dekabr hem türkmen halkynyň durmuşynda täze bir ýol-ýörelgäniň jarçysy boldy. Bütin halkymyz ata Watanymyzyň Bitaraplyk derejesiniň şanly toýuny uly dabaralar bilen, şatlyk-şowhuna besläp belleýär. Sebäbi ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi halkymyzyň bagtyýarlygynyň, azatlygynyň, mizemezliginiň hemişelik kepili bolup kalplarymyzy buýsançdan dolduryp dur.

Bitaraplyk – derejesine eýe bolan, ata Watanymyzyň ýer ýüzündäki at-abraýy bimöçberdir. Hak nazary düşen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistan döwletimizi Bitaraplyk statusy bilen ýer ýüzüne tanadan Hakdan halatly, Pygamber sahabatly Arkadagymyzyň bitirýän il-ýurt bähbitli işleri sanardan kändir. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdan türkmen halkymyzyň geçmişi düýni, şuglaly şu güni, ýagty gelejegi, ertiri bar.

Nury ATAJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok