Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — dünýä halklarynyň arasyndaky parahatçylygyň we abadançylygyň, durnukly ösüşiň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň baky dabaralanmasy bolup, halkara gatnaşyklarynda umumadamzat ähmiýetli zerur meseleleri oňyn çözmekligiň köpugurly guralydyr.
Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň parasatly pederlerimizden miras galan milli ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň taryhynda täze bir sahypany esaslandyrdy. Milli Liderimiziň halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlanmagyna gönükdirilen täzeçil, öňdengörüjilikli Bitaraplyk syýasaty ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýä ýüzünde abraýyny ýokarlandyrdy.
Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk syýasatynyň hemişelik ýörelgelerine laýyklykda milli ösüş, tapgyrlaýyn – Gahryman Arkadagymyz tarapyndan tassyklanylan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň «2008–2012-nji ýyllar üçin», «2013–2017-nji ýyllar üçin» we «2017–2023-nji ýyllar üçin» niýetlenilen konsepsiýalarynyň esasynda gazanylýar. Bu konsepsiýalaryň baş maksady Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary, şol sanda goňşy ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek üçin anyk çelgilere, şeýle hem sebitde we Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we asudalygy berkitmek boýunça halkara gatnaşyklarynyň we daşary syýasatyň beýleki ugurlaryna gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň «Bitarap Türkmenistan», «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly ajaýyp kitaplarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň döwletleriň we halklaryň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygy, hakyky dostluk ýollaryny barha rowaçlanýandygy barada has giňişleýin beýan edilýär.
Kasym ANNAÇARYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler